“Demirýollary” AGPJ düýpli abatlaýyş işleri geçirmek boýunça tender yglan edýär


“Demirýollary” AGPJ Türkmenbaşy myhmanhanasynda ýangyn howpsuzlyk we wideo gözegçilik ulgamlaryny täzelemek hem-de düýpli abatlaýyş işleri geçirmek boýunça № DÝ/AGPJ-010 açyk tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ edarasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;

Bäsleşige gatnaşmak üçin 2012 manat 50 teňňe möçberde (şol sanda 262 manat 50 teňňe GBS) töleg tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salga ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 1107,1110 otagda (11-nji gat) kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 18.10.2021 ý.senesine çenli kabul ediler.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 38-36-00, 38-31-04.

Faks: 38-32-70.

Adres: Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7.

Çeşme: metbugat.gov.tm.