Saglygy goraýyş ministrligi lukmançylyk enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär:

Lot № 44 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak;

Lot № 45 — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Saglygy goraýyş edaralary üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler 05.10.2021ý.senesine çenli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

Adres: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20.

Çeşme: metbugat. gov.tm.