Gamburgeriň ykdysady görkeziji hökmünde ulanylmagy


Photo by freepik

Ykdysadyýetçileriň arasynda simwoliki görkeziji hökmünde ulanylýan indikatorlaryň biri hem “Big mak” görkezijisidir. Bu görkezijä laýyklykda dürli ýurtlardaky “Makdonalds” tiz tagam restoranlarynyň gamburgerleriniň bahalaryny deňeşdirmek arkaly şol ýurtlaryň milli pul birlikleriniň özara gatnaşygy hasaplanylýar. Ykdysatçylar şunuň ýaly hasaplamalara ýaňsylaýjy äheňde “Burgeronomika” diýip at berdiler.

Şu maksatlar üçin, “Makdonalds” tiz tagam restoranlarynyň iň meşhur tagamlarynyň biri “Big mak” atly gamburgeri göz öňünde tutulýar. “Big mak” gamburgerlerini taýýarlamak üçin et, un, peýnir ýaly dürli görnüşli iýmit önümleri hem-de işçi güýji, kärendesine alnan ýer we beýleki önümçilik üçin gerekli faktorlar ulanylýar. Şonuň üçin hem, “Big mak” gamburgerleriniň dürli ýurtlardaky bahalaryny deňeşdirmek arkaly şol ýurtlaryň walýutalarynyň bir birine bolan gatnaşygy kesgitlenilýär. Mysal üçin, ABŞ-da burgeriň ortaça bahasy 5.66 $, Orsýetde bolsa onuň bahasy 135 rubl diýip alyp göreliň. Şeýlelikde, 135/5.66= 23.85 ýa-da başgaça aýdanymyzda burgeronomika baglylykda 1 ABŞ dollary 23.85 rubla deňdir.

Elbetde, Big mak görkezijisi hakyky ykdysady hasaplamalar üçin ulanylmaýar, ol has hem simwoliki ýa-da degişme äheňinde hasaplanylýan görkeziji. Emma şeýle-de bolsa eýýäm birnäçe ýyl bäri dünýä belli “The Economist” žurnaly ýyllyk esasda “Big mak” gamburgerleriniň dürli ýurtlardaky bahalaryny çap edip gelýär.