“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär


Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy manatda ýa-da ABŞ-nyň dollarynda aşakdaky harytlar bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär:

Lot №1 (bölünmeýän) – kanselýariýa harytlary we kompýuter enjamlary.

Lot №2 (bölünmeýän) – hojalyk himiýa serişdeleri.

Lot №3 (bölünmeýän) – gurluşyk materiallary.

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • önüm üçin spesifikasiýa almaly

Tendere gatnaşmak boýunça teklipler 07.10.2021 ý.senesi ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik tekllipli bukjalar kabul edilmeýär.

Söwda teklipleri möhürlenen iki bukjada berilmeli (A we B bukja).

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 6-43-66

Elektron salgysy: b.halilulin@mail.ru

Adres: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylow köçesi, 59.

Çeşme: metbugat.gov.tm.