Russiýaly telekeçi köne paketlerden plitka öndürýär


Rýazanly telekeçi Pawel we onuň dosty ulanyşda bolan plastik paketlerden ýodajyklar üçin niýetlenen plitkalary öndürip başladylar. Bir plitkany​ öndürmek üçin bir kilogram köne paket sarp edilýär. Telekeçiler – döwülmeýän, çat açmaýan, güne çydamly, ýangyna we çyglylyga garşy ýokary hilli plitkalary​ öndürip bilendiklerini aýdýarlar. Olar çig maly poligonlardan​, zawodlardan we ýörite nokatlardan ýygnaýarlar.

Önümçilik prosesiniň dowamynda paketler hili we reňki boýunça bölünýär. Soň bolsa çig maly ezmek üçin "aglomerator​" diýilýän enjama iberilýär. Netijede übtük görnüşli ýa-da guma meňzeş bir madda emele gelýär. Plitkanyň​ düzümi suwly çägeden we boýagdan ybarat. Bilmeli iň möhüm zatlaryň biri hem, plitkalaryň​ özüne düşýän gymmatynyň 70 % -i​ boýagyň bahasy emele getirýär. Üç komponent garylandan soň, garyndy reaktora ýerleşdirilýär we gyzdyrylyp garylýar. Emele gelen suwuk garyndyny pressiň​ galybyna guýulýar. Dürli nagyşly ýörite galyplaryň kömegi bilen müşderiniň saýlan dizaýnyna görä plitka​ taýýar bolýar. Bir smenda​ 1 ,5 -2 tonna plýonka işlenýär.

Plitkalar​ saglyga zyýansyz hasaplanylýar. Gurluşukdan​ başyňyz çykmasa-da plitkalary​ ýere düşemek kyn däl. Telekeçiler önümçiligini aşakdaky ugurlar boýunça diwersifikasiýa etmegi maksat edinýärler - üçek plitkalary​, suw akabalary, bordýurler​, awtoulag ýoluna düşelýän böwetleri, kanalizasiýa gapagyny - bularyň hemmesini plastmassadan öndürmekligi meýilleşdirýärler. Telekeçiler bu önümçiligiň peýda çykmak möhletiniň köp wagt aljakdygyny nygtaýarlar, onuň sebäbini hem önümi öndürmek üçin ulanylýan enjamlaryň bahasynyň gymmat bolandygy bilen düşündirýärler. Şol sebäpli inwestisiýanyň özüni ödemek möhleti gysga wagtyň içinde bolmazlygy mümkin diýip belleýärler.

Çeşme: w2e.ru