Telekeçiniň adaty 6 ýalňyşy


Zähmet hakyna işleýän işgärleriň köp bölegi öz işini açmak hakda pikir edýärler, ýöne olaryň diňe 20% hakykatdanam öz işini açýarlar. Telekeçilik bilen meşgullanyp başlaýanlaryň köpüsi ilkinji kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda öz işine bolan gyzyklanmany ýitirip başlaýarlar. Köplenç halatda biznes bilen meşgullanmak isleýänlere päsgel berýän esasy 6 sany ýalňyşlyklar näme:

1. Biznes meýilnamanyň bolmazlygy

Söwda – satyk etmäge, önüm öndürmäge ýa-da hyzmat bermäge başlanlarynda, telekeçileriň köpüsi “sowuk suwa bökmek” diýilýän zady edýärler. Telekeçi saýlan ugruna başlamazdan öň, näçe maýa goýum gerek bolar, aýda çykdajy we girdeji näçe bolar, goýan maýasyny haýsy wagta yzyna alyp biler, önümini kime nähili satar diýen ýaly çaklamalaryň üstünde işlemegi örän möhümdir.

2. Bäsdeşleri öwrenmezlik

Telekeçilikde siz bilen bäsdeşlik etjekleri hökman öwrenmeli. Näçe sany bäsdeşiň bardygy, olaryň göwrümi, olaryň alyp barýan nyrh syýasaty iň möhüm bolan maglumatlardyr. Bazar şertlerinde, täze başlaýanlar üçin tejribeli bäsdeşleriniň mähellesinden geçmek kyn bolýar.

3. Bazary öwrenmezlik

Bazary öwrenmän işe başlamak iň uly ýalňyşlyklaryň biri. Saýlan biznes ideýaňyza müşderi barmy, olaryň möçberi köpmi ýa-da azmy, teklip tiz wagtda giňärmi diýen ýaly soraglara jogap tapmaly. Has dogrusy bu nokatlary statistiki maglumatlaryň üsti bilen öwrenmeli. Belki, bazar bu ideýäňyza entek taýýar däldir ýa-da doýgundyr.

4. Hemme zada özüň ýetişmek

Biznesiň eýesi ähli iş proseslerini gowy bilmeli we düşünmeli. Bu oňa işiň esasy nokatlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Eger telekeçi hasap – hesip, şertnamalary ýazmak, başga günlük resminamalary doldurmak ýa-da öz awtoulagy bilen sürüjilik etmek we ş.m hakyna tutma işgärlere tabşyryp boljak işlere wagtyny sarp edýän bolsa, onuň üstünlik gazanma möhleti uzaga çeker. Iň gowy biznes model bu telekeçiniň iş prosesine iň az ýagdaýynda gatnaşmagyny üpjün edýän modeldir.

5. Mahabata çykdajy etmezlik

Elbetde, önümi tanatmagyň we ösdürmegiň mugt ýollary hem bolýar, mysal sosial torlarda öz internet sahypaňy döretmek, ýöne bu usul örän köp wagt talap edýär. Tehnologiýanyň ösen we haryt bolçulygy döwründe, tiz we oýlanyşykly hereket etmek şertdir. Eger köp peýda gazanmak we tiz tanalmak isleýän bolsaňyz býujetiňiziň uly bölegini mahabat çykdajylaryndan düzüň. 1892 – nji ýylda işläp başlan “The Coca-Cola Company” kompaniýasy dünýäde iň köp satylan “Coca-Cola” gazly suwynyň meşhurdygyna garamazdan elmydama ony işjeň mahabatlandyrýar.

6. Biznesde diňe dost ýarlaryňy we garyndaşlaryňy ulanmak

Tejribede, telekeçiniň alyp barýan işgärler syýasatynda, esasy talap, işgäriň professionallygy dälde onuň garyndaş ýa-da dost-ýary bolmagy şert bolsa, işiň şowsuzlyga uçrama ähtimallygy ýokary hasaplanýar. Islendik kompaniýada işgär özüniň iş karýerasyny emeli seçim bilen dälde tebigy seçim bilen gurmaly.