Aşgabat şäher häkimligi medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça tender yglan edýär


Aşgabat şäher häkimligi Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäher häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini utgaşdyryjy bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 8-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 92-67-00.

Adres: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy.

Çeşme: metbugat.gov.tm.