Saglygy goraýyş ministrligi lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär:

Lot №39 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak;

Lot №40 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşiginе degişli saglygy goraýyş edaralarynyň lukmançylyk enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak;

Lot №44 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak;

Lot №46 — Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin barlaghana enjamlaryny hem-de serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler 27.11.2021 ý.senesi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79

Adres: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Çeşme: metbugat.gov.tm.