Öz işiňi açanyňdan soň aýaga galmak we uzak ýyllap dowam etmek üçin nämä üns bermeli


Surat Freepik ' den

Öz işini açmak isleýän adam, onuň geljekde nähili boljakdygy barada göz öňüne getirýän bolsa gerek. Bu babatynda tejribeli telekeçileriň iň birinji ündeýän zady, biznes uzak möhletleýin bolmaly diýip hasaplaýarlar. Bir - iki gün ýa-da bir - iki ýyl üçin maýa inwestisiýa etmek ýa-da wagtyňy sarp etmek, gysga möhletli gazançdan başga hiç zat däl, elbetde gysga wagtyň içinde peýda alyp bilseňiz.

Tejribesi bolan telekeçileriň maslahatlaryna esaslanyp, kämil bolan biznesiň nähili bolýandygyny kesgitlemäge synanyşaly​.

Ilkinji nobatda taslama diňe pul gazandyrýan dälde, eýsem-de adamlara we daş-töwerege peýda berýän taslama bolmaly

Mysal türkmen bazarynda "Hasar" konditer önümini öndürýän kompaniýanyň biznes modeli, diňe girdeji gazanmak bilen çäklenmän, adamlara lezzet beriji önümleri öndürýän kompaniýa hökmünde tanalýar. “Microsoft​” kompaniýasy​ Windows önüminiň üsti bilen, uly mukdarda girdeji gazanmakdan başgada, adamzadyň tehnologiýa progresinde​ at galdyrmagy hem başardy.

Biznes möwsümleýin we döwürleýin bolmaly däl

Ýylyň dowamynda üznüksiz peýda gazanmak üçin bütin ýyl haryt dolanyşykdan​ ybarat bolan bir biznesi meýilleşdirmeli. Welosiped satýan telekeçi bilen restoran işini ýöredýän telekeçiniň pul dolanyşygyny ýatdan hasaplap göreniňde, howanyň sowuk döwürleri welosiped söwdasynyň haýallama ähtimallygy, restoranyň müşderileriniň bolsa dowamly boljagy mälimdir.

Biznes düşnükli we islendik şertlere tiz uýgunlaşýan we giňemäge ukyply bolmaly

Biznes ideýanyň ösüş gazanmagy bilen, onuň bazardaky orny barha giňelýär. Emma bazar özüni mydama üýtgewsiz, birsydyrgyn alyp barmaýar. Adamlaryň gyzyklanmalary, islegleri we talaplary üýtgäp durýar. Eger siz mydama bäsdeşlige ukyply bolmak isleýän bolsaňyz, bazara görä üýtgäp bilmek ukyba eýe bolmaly.

1996 – njy ýylda “Webvan​” atly kompaniýa döredilýär. Ol gysga wagtyň içinde bazara girmegi we ösmegi başarýar hat-da onuň ösüşiniň​ iň çür depä çykan wagty, kompaniýanyň bahasy 4 milliard ABŞ dollaryna barýar. Kompaniýanyň täjirçilik özeni, internetiň üsti bilen saýlanan harydy 30 minutda gapa eltip bermekden ybarat​ bolýar. Emma az wagt geçmän 2001-nji ýylda ol özüniň batandygyny yglan edýär we 800 million ABŞ dollar töweregi ýitgi çekýär.

Ykdysatçylaryň çaklamagyna görä, onuň batmagynyň sebäbi; agressiw tizlikde ösmegi, bazary dowamly öwrenmändigi, menejerleriň​ uly göwrümdäki​ söwdadan tejribesi bolmandygy, haryt saklamak we eltip bermek üçin uly möçberde ammarlary gurandyklaryny we köp mukdarda awtoulaglary satyn almak üçin uly möçberde öz serişdelerini sowandyklary​ sebäpli diýip çaklaýarlar.