Garpyz toşaby – eksport etmek üçin milli önüm


Surat WordPress

«Made in Turkmenistan» ýazgysy bilen, ajaýyp dizaýnly bir gapda, türkmen garpyzyndan ýasalan toşabyň Ýewropadaky azyk dükanlarynyň tekjelerinde duranyny göz öňüne getiriň. Bu önümçilik ugrunyň henizem boş bolmagyny nazara alyp, hakyky amala aşyryp boljak biznes ideýalaryň biri hökmünde seretmeli. Taslamany işe girizmek üçin, göz öňüne tutulan käbir soraglary sowatly meýilleşdirilen ýagdaýynda, taslama gysga wagtyň içinde hakyky girdeji getirip biler. Önümiň 100% natural hasaplanmagy bolsa, köp Ýewropa ýurtlaryň sarp edijileri tarapyndan gowy baha beriler.

Türkmenistanda, garpyz toşabynyň taýýarlanyş tehnologiýasy, Mary welaýatynda has ýaýbaň hasaplanýar. Toşap özüniň hili we tagamy bilen tapawutlanýar we şekersiz taýýarlanýar, bu bolsa önümiň çykdajysyny azaldýar. Şeker garylmaýandygyna garamazdan, onuň aýratyn ýakymly we süýji tagamy bolýar. Önümiň himiki düzüminde ýüregiň işlemegine peýda berýän, garramagynyň öňüni alýan we dürli ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny azaldýan likopen we antioksidantlar bolýar.

Önümiň düzümi we önümçilik tehnologiýasy

Toşap taýýarlamak üçin ulanylýan esasy harajat diňe bir garpyz. Önüm ter ýa-da doňdurylan harajatdan taýýarlanýar. Hiliniň has ýokary bolmasy üçin, önümçiligi ilkibaşda el bilen ugrukdyryp bolar. Önümçilik prosesi gaty ýönekeý hasaplanýar: garpyzy arassalamak we ýuwmak, gaýnatmak, gaplary sterilizasiýa etmek, taýýar önümleri gaplamak we bezemek. Häzirki wagtda, sarp edijiler köplenç önümiň düzümine üns berýärler. Toşaby öndürmekde esas bolýan iň esasy faktor bu - önümiň ekologiýa taýdan arassa bolmagy.

Maýa goýum mukdary

Maýa goýumy enjamlary satyn almak, işgärleri hakyna tutmak we jaýlary kärendesine almak ýaly esasy çykdajylar öz içine alar. Maýa goýumynyň möçberi önümçiligiň görnüşine bagly bolup - el bilen ýa-da awtomatlaşdyrylan görnüşine görä üýtgär.

Az mukdar maýa goýum bilen, önümi elde öndürmekligi ýola goýmak mümkin, ýöne girdejiniň möçberi uly bolmaz. Awtomatiki usuldaky önümçilik üçin bolsa köp möçberde maýa gerekdir, maýanyň esasy bölegi enjam satyn almak üçin zerur, bu ýagdaýda maýa goýum öz täsirini ýetirer, ýagny peýdasy köp bolar.

Önümi ýerlemek

Süýjülikler bazarynyň islegine seretseň, ýurduň azyk marketleriniň tekjelerinde köp dürli toşaplary, müreppeleri we beýleki lezzetlikleri görüp bolýar. Bu görnüşli önümlere isleginiň ýokary bolmagynyň esasy faktory, şäherlerdäki durmuşyň çalt depginde ösmegi hasaplanýar, indi şäher adamlaryň köp bölegi, özleri üçin müreppäni ýa-da toşaby konserwirlemän satyn alanyny amatly görýärler.

Halkara söwdada internet ulgamy iň uly satuw meýdany hasaplanýar. Mahabaty we satuwy halkara marketpleýsleriň üsti bilen amala aşyryp, Ýewropanyň we beýleki bazarlaryň içine girip bilersiňiz. Elbetde, bularyň hemmesi birneme wagt alar. Olar önümiňiziň hiline we marketing strategiýaňyza baglydyr.