Telekeçilige başlamazdan öň edilmeli iki sany hökmany zatlar


Surat depositphotos

Biznes - hemişe töwekgelçilikli bolýar. Köplenç täze işe başlaýan telekeçä batmagyna sebäp bolup biljek töwekgelçilikleri öňünden görmek kyn gelýär. Mundan başga-da, her bir biznes bir-birinden tapawutly bolany üçin, meseleleri hem aýry-aýry bolýar. Adatdan daşary ýagdaýda siziň ýüküňizi ýeňilleşdirjek, tejribede peýdalydygyny subut eden iki sany ýönekeý ädimleriň üstünde durup geçeliň.

1.Maliýe howpsuzlyk ýassygyny döretmek

Maliýe howpsuzlyk ýassygy – bu gazanjyň belli bir bölegini yzygiderli tygşytlamagyň netijesinde, toplanan ätiýaçlyk gory. Bu gor, girdejiňizi ýitiren halatyňyzda maşgala we şahsy çykdajylaryňyzy ýapmak üçin niýetlenýär. Maliýe ýassygyny döretmek barada öňünden alada edilmedik ýagdaýynda, kynçylyk bilen gabatlaşylanda karz pul gözlemeli ýa-da göterim töläp bank karzyna girmeli bolýar.

Maliýe ýassygynyň möçberi her aýdaky edilýän çykdajylaryň 6 -12 aýa çenli ýetýän mukdar aralygynda bolýar. Maliýe ýassygyny nirede we haýsy walýutada saklamaklyk telekeçiniň maliýe sowatlylygyna baglydyr.

2.Ätiýaçlandyryş

Käwagt islendik telekeçi garaşylmadyk ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýär: ot alma, suw basma, önümçilikdäki zaýaçylyk ýa-da ogurlyk. Garaşylmadyk ýagdaýyň ýetirjek zyýany telekeçiniň göterip bilmejek derejesinde bolup biler.

Biznese başlamazdan ozal özüňizi şeýle töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyrmak has dogrusydyr. Oňa ähli aktiwleriňiz degişlidir: binaňyz, enjamlaryňyz, awtoulaglaryňyz we beýleki emläkleriňiz, hatda saglygyňyzyň we ömrüňiziň hem ätiýaçlandyrmak maslahat berilýär.

Aslynda ätiýaçlandyryş – goşmaça çykdajy hasaplansa-da, betbagtçylyklardan ýa-da başgada garaşylmadyk hadysalardan goramasada, çekjek ýitgileriň öwezini dolmaga kömek eder; fors-mažor dörän ýagdaýynda, dolanyşykda bolan pul serişdeleriňizden hiç zat sowmaly däl we bergä girmeli däl bolarsyňyz. Ýitgiňiziň öwezini bolsa ätiýaçlandyryş kompaniýasy dolar.