Kanuna laýyklykda firma ady nähili bolmaly


“Gämä näme at daksaňyz ol şonuň ýaly hem ýüzer” diýilşi ýaly biznes açmazdan öň oňa nähili at dakyljagy barada pikirlenmek örän wajypdyr. At - köplenç sarp edijileriň haryda we hyzmata bolan garaýşyny emele getirýän, ilkinji täsirini döredýän işewürlik kartydyr. Marketingde ulanylýan “brend” sözi kanuna laýyklykda ulanylýan “firma ady” sözi bilen manydaş hasaplanýar. Şonuň üçin brendiň meşhurlygyny artdyryp biljek bir ady saýlamak bilen bir hatarda, ol adyň kanuna laýyk gelmegi hem möhümdir.

Biznes üçin ulanylýan atlar “Firma atlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda berilýär.

Firma ady we ony nähili ulanmaly

Firma ady bu – harydy, hyzmaty, işi ýa-da islendik bir ýuridiki şahsy beýlekilerden tapawutlandyrýan köplenç harplardan ybarat bolan bir belgidir. Firma ady ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşini we öz hususy adyny ýa-da tapawutlandyryjy manydaky adyny özünde saklamalydyr.

Firma ady ygtyýarly edaralar tarapyndan tassyklanandan soň, onuň eýesi haryt ýa-da hyzmat ýerlände olar baradaky maglumatlarda, önümi teklip edende ýa-da ýerine ýetirende, iş resminamalarynda we mahabatlarynda şeýle-de internet torunda salgy hökmünde ulanmaga haky bardyr.

Firma nähili atlary berip bolmaýar

“Firma atlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyna laýyklykda, firma ady hökmünde belgiler berilmeýär eger;

öň bellige alnan ýa-da bellige almak üçin berlen firma atlary bilen gabat gelýän ýa-da çalymdaş görnüşleri bolsa;

Türkmenistandaky awtorlyk hukugy bolan atlaryň eýesiniň ýa-da onuň oruntutarynyň razyçylygy bolmazdan;

Türkmenistanda belli bolan şahsyň familiýasyna gabat gelýän atlaryň— onuň razyçylygy bolmazdan;

belli täjirçilik däl guramalaryň atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen çalymdaş bolsa;

Türkmenistanyň çäginde goralýan, eýelik hukugy bolan, haryt we hyzmat nyşanlary, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen gabat gelýän ýa-da çalymdaş görnüşlerine;

döwletleriň, halkara guramalarynyň atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen çalymdaş bolsa;

firma adynyň eýesi barada, onuň ýerleşýän ýeri barada, işiň häsiýeti we görnüşi babatynda sarp edijini bulaşdyrýan bolsa, Türkmenistanyň çäginde ulanylýan atly daşary ýurtly kompaniýalaryň haryt ýa-da hyzmat nyşanlary bilen meňzeşlik bar bolsa;

harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň hilini, häsiýetini, sanyny, gymmatyny, olaryň öndüriliş usulyny, öndürilen ýerini we senesini görkezýän;

aýry-aýry harplar, sanlar, manysy bolmadyk harplaryň ýa-da sanlaryň sazlaşygyny aňladýan, diliň üçden az bolan aýry-aýry birlikleriniň sazlaşygyndan ybarat bolan, umumy ykrar edilen atlar (kompaniýa, assosiasiýa we beýlekiler), şeýle hem dilde ulanylýan adaty sözler (halkara, ählumumy we beýlekiler);

ählumumy ulanylyşa giren we özüniň tapawutlandyryjy alamatlaryny ýitiren sözler;

gönümel senagatyň pudagyny ýa-da işiň görnüşini görkezýän sözler;

harytlaryň we hyzmatlaryň gelip çykyşyny ýa-da görnüşlerini görkezýän atlar;

ahlak kadalaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine we jemgyýetiň bähbitlerine garşy gelse.

Firma adynyň resminamasy

Firma ady berlende onuň hukugyny güwälendirýän​ şahadatnama bilen tassyklanylýar. Ýuridiki şahs işini bes edende, adyny üýtgeden ýagdaýynda ýa-da kazyýetiň çözgüdi bilen bes edilende şahadatnama güýjüni ýitirýär.