Näme üçin dünýä meşhur kompaniýalaryň paýnamalarynyň bahasy gitdigiçe gymmatlaýar


Surat Shutterstock

Köplenç ykdysatçylar, iri bolan meşhur kompaniýalaryň aksiýalaryny satyn almaklygy maslahat berýärler. Gymmatly kagyzlar bazarynda bu meşhur kompaniýalara iňlisçede " blue chip", türkmençede “gök kagyzçalar” – ýagny durnukly girdejisi bolan iri we ygtybarly kompaniýalaryň gymmatly kagyzlary bolýar.

Günbatarda şular ýaly kompaniýalara mysal hökmünde “Apple”, “IBM”, “Microsoft”, “Coca-Cola Company”, “Ford”, “Alphabet”, “3M”, “Amazon”, “Berkshire Hathaway”, “Facebook”, “Johnson & Johnson”, “Merck”, “Visa” we başgalar mysal bolup biler.

Russiýanyň bazarynda Gazprom, Lukoil, Sberbank, Magnit, Nowatek, Norilsk Nikel, “Yandex”, Tatneft we beýlekiler bar. Aziýa bazarlarynyň mysalynda “Fuji Bank”, “Honda”, “Cheung Kong”, “China Light”, “Sony” we başgalar.

Bu kompaniýalaryň paýnamalarynyň baha herekedini aýratynlykda yzarlap görseňiz, olaryň diňe ösýändigini görersiňiz. Muňa mysal hökmünde, “Coca-Cola” paýnamasynyň bahasynyň 5 ýyllyk grafigini seljersek, 2017 ýylda bir paýnamanyň ortaça bahasy $45 ybarat bolan bolsa, 2021 ýylda ortaça $55 bardy.

Çeşme: investing.com

“Microsoft” paýnamasy 5 ýylda ortaça $42 - den - $337 çenli ýokarlandy.

Çeşme:investing.com

Ösmeginiň esasyny düzýän mehanizm näme?

Näme üçin bu kompaniýalaryň aksiýalarynyň bahasy uzak aralykda ýokarlanýar? Kompaniýalar pese gaçmaklykdan has hem, ösmäge mejburdyrlar. Bularyň hemmesi inflýasiýa bilen baglanyşyklydyr. Her ýyl dünýä ykdysadyýetinde puluň möçberi, täze önýän harytlaryň we hyzmatlaryň mukdaryna görä artýar.

Puluň artmagy bilen bolsa inflýasiýa döreýär - kompaniýalaryň önümleriniň we hyzmatlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Bahalaryň ýokarlanmagy satuwdan alnan girdejini, aktiwleriň gymmatyny we kompaniýanyň peýdasy artýar. Kompaniýa näçe girdejili bolsa, paýnamalar şonça-da gymmat bolýar.

Biz bu ýerde bahalaryň uzak möhletleýin aralykda ýokarlanýandygy barada gürrüň edýäris. Paýnamalaryň bahasy gysga möhletleýin asla üýtgemän ýa-da tersine düşüp bilýär. Bu hadysanyň sebäbini bolsa özişimiň indiki publikasiýalarynda okap bilersiňiz.