Nagt däl tölegler barada näme bilmeli


Döwrebap dünýäde iri möçberli telekeçilik işini alyp baranyňda, satyn alynýan ýa-da satylýan harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary diňe nagt pulda hasaplaşyp ýörmek ýa-da bank hasabyny açman işlemek mümkin däl bolsa gerek. Nagt däl hasaplaşyklar wagty tygşytlamak we tölegleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin örän wajypdyr.

Türkmenistanda nagt däl tölegler, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2009-njy ýyldaky tassyklanan "Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda Düzgünnama" esasynda düzgünleşdirilýär.

Nagt däl tölegler - bu kagyz puly ulanman, nagt däl görnüşindäki puly, töleýjiniň bank hasabyndan satyjynyň bank hasabyna geçirilmegi bolup durýar. Nagt däl hasaplaşyklar töleg tabşyrygy, akkreditiw, inkasso, çek kitapçalary, plastik kartoçkalar arkaly amala aşyrylýar. Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleri, esasan, töleg tabşyrygy, akkreditiw, inkasso, çek kitapçalary, plastik kartlar we internet banking arkaly amala aşyrylýar. Indi halkara maliýe ulgamynda nagt däl töleg usullarynyň biri hökmünde kriptowalýutalar hem peýda boldy.

Töleg tabşyrygynyň üsti bilen geçirilýän hasaplaşyklar – tölegiň bu görnüşinde, töleýji hyzmat edýän bankyna harytlar we hyzmatlar üçin ýa-da býujet we ş.m. tölegler üçin, şahsy goly we möhüri bilen töleg geçirmek barada kagyz görnüşinde buýruk berýär. Bank töleg tabşyrygyny kabul edýär we töleg resminamasy kabul edilen günüň ertesi iş gününden gijä galman, töleýjiniň hasabynda pul bar bolsa, pul geçirýär.

Akkreditiw boýunça hasaplaşyklar - halkara akkreditiwler, Halkara Söwda Palatasynyň (UCP600) düzgünleri bilen kadalaşdyrylýar. Akkreditiw – esasan halkara söwdasy üçin niýetlenen töleg usullaryndan biridir. Bu usul alyjy bilen satyjynyň biri -birini tanamaýan, dürli ýurtlarda ýaşaýan, kanunlary we aýry söwda däp-dessurlary bolan halatlar üçin niýetlenendir.

Çekler boýunça hasaplaşyklar - banklar, müşderilerine berk hasabat görnüşleri bolan çek kitapçalaryny berýärler. Çek beriji tölegiň mukdary we çek saklaýjy barada maglumatlary görkezip çek doldurýar. Şol çekiň esasynda pul serişdeleri çek berijiniň hasabyndan çek saklaýjynyň hasabyna geçirilýär ýa-da oňa nagt berilýär. Çek berijiniň hasaplaşyk hasabynda ýeterlik pul serişdeleriniň bolmagy, çek saklaýjynyň şahsyýetiniň tassyklanylmagy we çekiň hakykylygynyň anyklanylmagy çek boýunça hasaplaşmagyň esasy şerti bolup durýar.

Plastiki kartlaryň üsti bilen hasaplaşyklar - kartlaryň eýeleri üçin pul serişdelerini nagt däl tölegleri geçirmäge we nagt almaga mümkinçilik döredýän gural bolup durýar. Plastiki kartlaryň üsti bilen geçirilýän tölegler, töleg ulgamynyň eýesiniň ülňülerine we düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

Inkasso boýunça hasaplaşyklar - inkasso (töleg talapnama) boýunça töleglerde, alyjynyň talaby boýunça ýerine ýetirmesi hökmany bolan hasaplaşyk resminamalary esasynda, töleýjiniň hasabyndan pul serişdeleri alynýar. Töleýjiniň hasabyndan “töleg talapnama” puly almaga bolan hukuk kanunçylykda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan bolmalydyr. Inkasso boýunça hasaplaşygyň mysaly hökmünde telekeçiniň hasabyndan, salgyt gullugyna onuň salgytlar boýunça bergisiniň geçirilmegini görkezip bolar.