Ýylyň dowamynda dünýäde milliarder-telekeçileriň sany köpeldi


Ýylyň dowamynda dünýä bazarlarynyň maliýe görkezijileri erbet bolmady, kriptowalýutalar, şol sanda bitkoin hem ösüşe eýe boldy, ondan başgada aksiýalaryň bahasy epesli ýokarlandy. Dünýädäki milliarderleriň sany 2775-e ýetdi, bu bolsa bir ýyl ozalkydan hem 660 san köpeldi.

Dördünji ýyl bäri dünýäniň iň baý adamy “Amazon.com” internet kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos hasaplanýar, telekeçiniň baýlygy $177 milliarda barabar boldy.

Ikinji ýer awtoulag we kosmos senagaty bilen meşgullanýan “SpaceX” we “Tesla” kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Maska degişlidir. Onuň baýlygy $151 milliard boldy.

Üçünji orna “Louis Vuitton”, “Christian Dior”, “Guerlain” we beýleki gymmat bahaly naýbaşy önümleri öndürýän “Louis Vuitton Moët Hennessy” kompaniýanyň prezidenti Bernard Arnault $150 milliarda ýetýän baýlygy bilen girdi.

Sanawyň dowamyny , “Microsoft” – yň esaslandyryjysy Bill Geýts, $124 milliard bilen, “Facebook” – yň esaslandyryjysy Mark Zukerberg $97 milliard bilen we dünýäde iň meşhur bolan maýadar Warren Baffett $96 milliard bilen dowam etdi. Halkara iň iri bolan "Walmart" -lomaý we ownuk söwda dükanlarynyň esaslandyryjysynyň gyzy Elisa Walton dünýäniň iň baý aýaly boldy, onuň ýagdaýy $61,8 milliarda barar bolup, sanawda 17-nji ýeri eýeledi.

Maliýede milliarderler diýlip, maýasy 1 milliard ABŞ dollardan geçýän telekeçilere aýdýarlar. Dünýädäki milliarderleriň umumy baýlygy $13,1 trillion boldy geçen ýyl bu möçber $8 trilliondy.

Maglumatlar, 1987 ýyldan bäri her ýyl dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny neşir edýän “Forbes” žurnalyna esaslanýar.