"Türkmenhimiýa" enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär


“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparynyň adyndan, Garlykdaky kaliý dag-magdan toplumy üçin gerekli harytlary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot №2 – Umumy we tehnologiki enjamlar

Lot №3 – Elektrotehniki we ölçeg enjamlar

Lot №4 – Awtoulag, ýörite tehnika

Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi serişdeler

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär);
  • "Türkmenhimiýa" DK üçin maddy-tehniki harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap almak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin her Lot üçin 200 (iki ýüz) amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri 17.01.2022 ý. senesi ýerli wagt bilen sagat 10.00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-01-66, 39-01-69

Adres: Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132.

Çeşme: metbugat.gov.tm