Oba hojalyk ministrligi halkara tender yglan edýär


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi potratçylary saýlap almak boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot №1 - Halkara ülňülere laýyk gelýän weterinar sanjymlar, himiki reaktiwler, reagentler we anyklaýyş serişdeler (diagnostikumlar) bilen üpjün etmek.

Lot №2 - Halkara ülňülere laýyk gelýän weterinar sanjymlar, zyýansyzlandyryş serişdeler (dezinfeksion, dezinseksion), barlaghana enjamlary we anyklaýyş serişdeler (diagnostikumlar) bilen üpjün etmek.

Lot №3 - Halkara ülňülere laýyk gelýän weterinar derman serişdeleri, zootehniki we weterinar enjamlar bilen üpjün etmek.

Ähli gyzyklanýan taraplar, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaga çagyrylýar.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri 18.01.2022 ý.senesine çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-77-47

Adres: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92

Çeşme: metbugat.gov.tm