Üç dostuň dünýä belli “Starbucks” - kofe dükanlar zynjyryny döredişleri barada


"Starbucks" - yň döredijileri Zew Sigl, Jerri Baldwin we Gordon Bowker

Waka 1971-nji ýylda ABŞ-nyň, Sietl şäherinde başlanýar, bir ýazyjy we iki sany mugallymdan ybarat bolan üç sany ýoldaş $1350 dollardan ýygnanşyp, kofe dänelerini satýan dükan açýarlar. Hut şu şäherde “Starbucks” ilkinji dükanyny açýar, dükanda dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen täze gowrulan naýbaşy kofe däneleri, çaýlar we ýakymly ysly jazlar satylýar. Ilkinji açylan döwürleri kompaniýa kofe dänelerini diňe gowrulan görnüşde satýar, demlenen görnüşini bolsa mahabat maksatly dadymlyk üçin berýärdi.

Biznes model

1987 de “Starbucks” - yň döredijileri we esaslandyryjylary, şol döwürde Italiýada moda bolan kofe hödürleýän kafelerden ylham alyp, ilkinji kofe satýan öz hususy kafelerini açmak we espresso-barlarynyň atmosferasyny döretmek kararyna gelýärler. Şeýlelik bilen ABŞ-da kofe içmegiň täze medeniýetini döreýär. Soňra “Starbucks” ABŞ-nyň ähli şäherlerinde açylyp başlaýar. 1996 – njy ýylda kompaniýa ýurduň daşynda ilkinji dükanyny Ýaponiýada, soňra Ýewropa şäherlerinde we Hytaýda açýar. Öňümizdäki iki onýyllygyň dowamynda “Starbucks” millionlap kofe söýüjiler üçin, dünýäniň ýüzlerçe şäherlerinde kafeleriň zynjyryny açýarlar.

Söwdanyň giňelmegi bilen uzak aralyklarda ýerleşen dürli söwda nokatlaryna ýük daşamak meselesi ýüze çykýar, ýagny gowrulan täze kofe däneleri uzak aralykda hilini ýitirip başlaýar. Kompaniýa bu soragy wakuum şekilinde gaplaýjy apparatynyň üsti bilen çözýär, kofe gabynyň içinden uglerod çykarylýar, kislorod we çyglylyk syzmaz ýaly gaplanýar. Şeýlelik bilen kompaniýa, kofe däneleriniň hilini saklamak üçin, dürli sebitlerde kofe gowrujy zawodlary gurmazdan, bir zawodyň üsti bilen müň kilometr uzaklyga täze kofe eltmegi başarýar.

Krizis

Dünýädäki kofe bazarynyň üçden bir bölegini Braziliýa üpjün edýär. 1994-nji ýylda Braziliýa gyş gaty sowuk gelýär we kofäniň bahasy ep-esli ýokarlanýar. Netijede “Starbucks” maliýe çökgünlik howpuna sezewar bolýar we kompaniýanyň paýnamalary pese gaçmaga başlaýar.

Emma kompaniýanyň, öňden görüjilikli syýasaty esasynda bir ýyla ýetjek kofe goruna şertnama baglaşyp goýandyklary üçin özüni krizisden alyp çykýar. Kofe üpjün edijiler gönüden-göni fermerler bolýar. Gorlaryň kömegi bilen, kompaniýa kofe bahalaryny bazar bahalaryndan pesde saklamagy başarýar, bäsdeşleri bolsa gorlary gaty az bolany üçin bahalary galdyrmaga mejbur bolýarlar.

“Starbucks” -yň biznes modeli diňe bir kofe dükany hökmünde däl, eýsem önüm öndüriji, import ediji we satyjy hökmünde gurlan. Ony beýleki bizneslerde tapawutlandyrýan zat hem şol. Kompaniýa, kofäni gowurmakdan başlap, söwda nokadynda demläp bermeklige çenli ähli zady özbaşdak ýerine ýetirýär.

Çeşme starbucks.com