Gurluşyk ministrligi tender yglan edýär


Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesi bilen Atamyrat Nyýazow şaýolunyň aralygyndaky böleginiň suw çüwdürimleri bilen bilelikde durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-46-64, 44-46-77.

Adres: Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Çeşme: metbugat.gov.tm