1923-nji ýylyň 15-nji dekabrynda "Škoda" awtoulagyň nyşany bellige alyndy


«Škoda» nyşanly awtoulag - tegelegiň içinde üç sany ýelek ganatly okyň suraty durýar - 1923-nji ýylda patentlenen.

1869-njy ýylda inžener Emil Şkoda Çehiýanyň Plezen şäherinde kiçi göwrümli tehniki zawodyny satyn alýar. Az wagtdan soň zawod döwrebap guýma we metaly işleýän kärhana öwrülýär, senagat desgalary üçin öndürilen zawodyň metal önümleri, Awstriýa-Wengriýanyň içinde we daşary ýurtlara eksport edilip başlanýar. Birnäçe wagtdan soň zawod agyr harby ulaglary öndürýän senagtlaşan iri kompaniýalarynyň birine öwrülýär.

1919-njy ýyldan başlap, Awstriýa-Wengriýanyň ýykylmagy netijesinde zawod täze Çehoslowakiýa respublikasy üçin girdeji getirýän esasy kompaniýalaryň birine öwrüldi. Şol döwür zawodyň düzüminde raýtlara niýetlenen awtomobilleri öndürmek üçin aýratyn seh ýola goýuldy. 1921-nji ýylda zawod täjirçilik maksatly ilkinji 3 tonnalyk ýük awtoulagyny öndürdi, 1923-nji ýylda bolsa ýük awtoulaglarynyň iň irki görnüşi hasaplanýan bäş tonnalyk bug bilen işleýän ýük awtoulaglaryny ýygnap başlady.

1990-njy ýyllarda "Škoda Auto" nemes konserni bolan “Volkswagen” tarapyndan bölekleýin hususylaşdyryldy we 2000-nji ýylda doly nemes konserniň gözegçiligine geçip şol wagt bar bolan“Volkswagen”, “Audi” we “SEAT” ýaly atly nemes awtoulaglaryň arasynda dördünji marka boldy.

1998-nji ýylyň ýanwar aýynda “Škoda a. s" adyny "Škoda Auto a.s" üýtgetdi. Häzirki wagtda bu kompaniýa Çehiýanyň iň uly eksport edijilerinden biri we ýurtdaky iň uly iş beriji hökmünde tanalýar. “Škoda" awtoulaglarynyň sany ýylda 1 milliondan geçip dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda satylýar.