Türkmenistanda öz işiňi açmak üçin telekeçiligiň haýsy görnüşini saýlamaly?


Surat Freepik

Biznese başlamak üçin ilki bilen işiň görnüşlerini kesgitlemeli we onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini saýlamaly. Eger-de siz firma ýa-da kompaniýa görnüşinde, ýagny ýuridiki tarap hökmünde işlemek isleýän bolsaňyz, onda esaslandyryjylaryň sany, esaslyk kapitalyň möçberi we salgydyň görnüşi üýtgäp biler. Bu günki makalamyzda, Türkmenistanda biznes etmek üçin eýeçiligiň has ýaýbaň görnüşleri barada gürleşmegi makul bildik.

Hususy telekeçi Türkmenistanda işewürligi açmagyň iň aňsat we iň giň ýaýran görnüşlerinden biri. Telekeçi girdeji gazanmak we peýda görmek maksady bilen öz işini ýöredýän şahsy tarap bolup, onuň işi "Telekeçilik işi hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda düzgünleşdirýär. Daşary döwletleriň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan hususy telekeçi şahslar hem Türkmenistanyň çäginde telekeçilik işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.

Eýeçiligiň has ýaýbaň görnüşi, telekeçilik işleriň sanawyna laýyklykda işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça bellenen patent tölegini şeýle-de girdejiden 2 göterim möçberinde salgyt tölegini amala aşyrýan görnüşidir.

Нususy kärhana (HK) kärhananyň borçnamalary boýunça emläk jogapkärçiligini doly öz üstüne alýan bir adam tarapyndan döredilýär. Kärhananyň eýesi bu kärhanany özi dolandyrýar ýa-da şertnama boýunça başga birine geçirip bilýär. Hususy kärhananyň esaslyk kapitaly Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 25 esse möçberinden az bolmaly däldir.

Hojalyk jemgyýeti (HJ) esaslandyryjy şahslaryň arasynda baglaşylan şertnama esasynda döredilýär. HJ-ni döretmek üçin esaslandyryjylaryň sany iki fiziki şahsdan ýa-da iki ýuridik şahsdan az bolmaly däldir. HJ-niň esaslyk kapitaly Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 100 esse möçberinden az bolmaly däl. HJ-ni esaslandyryjylar tarapyndan bellenen direktor dolandyrýar. HJ-niň borçnamalary boýunça jogapkärçiligiň görnüşlerini HJ-niň düzgünnamasy esasynda kesgitleýär: ähli emlägi bilen raýdaş jogapkärlik çekýär ýa-da esaslyk kapitalyndaky paýynyň çäginde jogapkärçilik çekýär.

Bilelikdäki kärhana (BK) Türkmenistanyň raýatlary ýa-da ýuridik şahslary we daşary ýurt döwletleriniň raýatlary ýa-da ýuridiki şahslary öz arasynda baglaşylan şertnama esasynda döredilýär, onda her bir esaslandyryjynyň paýy azyndan 10 göterim bolmalydyr. BK-nyň esaslyk kapitaly Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 100 esse möçberinden az bolmaly däldir. Bu kärhana öz üstüne alan borçnamalary boýunça öz eýeçiligi bilen jogapkärçilik çekýär. BK-nyň dolandyryjy direktory esaslandyryjylar tarapyndan bellenilýär.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalary

Mundan başga-da, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistanyň çäginde şahamçalaryny ýa-da wekilhanalaryny açyp bilýärler. Kompaniýanyň şahamçasy baş kompaniýanyň adyndan we onuň hasabyna ähli wezipelerini ýerine ýetirmäge haklydyr. Şahamçanyň başlygy baş kompaniýa tarapyndan möhleti üç ýyldan köp bolup bilmeýän ynanç haty esasynda bellenilýär. Halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şahamça Türkmenistanda salgyt töleýär.