Franşiza

Dünýä belli brendler diňe bir öz önümini hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem-de öz brendinden we ondan gelip çykýan beýleki artykmaçlyklary peýdalanmaga şertnama esasynda üçünji taraplara hem hukuk berýärler. Muňa françaýzing şertnamasy diýilýär. Bu brendiň eýesi (françaýzer) üçin hem-de üçünji tarap üçin hem bähbitli bolup bilýär.
Françaýzer öz brendini we ondan gelip çykýan artykmaçlyklary ulanmaga bereni üçin düýpli maýa goýum amala aşyrmazdan täze bazarlara açylýar we üstesine-de franşiza berendigi üçin belli bir ýygym ýa-da beýleki görnüşde peýda gazanýar. Françaýzing şertnamasy boýunça brendiň hukuklaryny edinen tarap bolsa mahabatlandyryş ýa-da müşderi çekmek boýunça we şoňa meňzeş bşgada goşmaça çykdajylary amala aşyrmazdan (brendiň bazarda tanalýandygy sebäpli) öz önümlerini dessine ýerlemäge başlaýar.
Adatça brendler, şunuň ýaly hukuklary bermekçi bolanlarynda täze bazarda hödürlenjek önümiň (hyzmatyň) hili hem-de özleşdirilýän bazaryň mümkinçilikleri babatynda ýokary talaplary goýýarlar. Brendiň hukuklaryny edinmek isleýän, ýagny françaýzing şertnamasyny baglaşmak isleýän taraplary düýpli öwrenmäge çalyşýarlar.
Şonuň üçin hem franşiza şertnamasyny baglaşmak üçin köplenç halatda telekeçä ozal gazanan tejribelerini, amala aşyran üstünlikli biznes taslamalaryny, maliýe ýagdaýynyň ýeterliklidigini görkezmek hem-de ýola goýuljak önümçiligi talaba laýyk alyp barmak üçin zerur tehniki we işçi güýji üpjünçiliginiň bardygyny, bazarda şonuň ýaly önüme talabyň bardygyny tassyklamak zerur bolup biler.
Internet ulgamynda, satlyga çykarylan franşizalar barada maglumatlar ýerleşdirilen köp sanly web sahypalar bar.