Töwekgelçiliksiz biznes – biznes kouçlyk

Photo by Melk Hagelslag on Pixabay
Häzirki döwürde esasan hem maglumat tehnologiýalarynyň ösmegi bilen ylym we bilimiň ýaýraýşy tizleşdi diýip bileris. Meselem, irki wagtlar bir kitaby köpeltmek üçin ony ýeke-ýekeden el bilen ýazyp göçürip çykmak zerur bolan bolsa, indi dyrnak ýaly ululykdaky maglumat göterijilere birnäçe müň kitap sygdyrsak bolýar. Emma şeýle-de bolsa, degişli maglumatlary tälimçiden, ussatdan, mugallymdan ýa-da häzirki zaman dili bilen aýdanymyzda mentordan öwrenmäge isleg bildirýänler az däl.
Tejribäň bolsa paýlaş we gazan
Infobiznes, ýa-da başgaça aýdanymyzda öz öwrenen (edinen) ylymyňy, bilimiňi, ussatlaşan ugruň boýunça edinen tejribäňi dürli görnüşlerde başgalara ýerlemek iň bir girdejili ugurlaryň biri hasaplanylýar. Iňlis dilinde "coaching" ýagny tälimçilik diýlip terjime edilýän bu ugur, daşary ýurtlarda öz başyna onlarça million ABŞ dollarynda dolanyşygy bolan bir bazar. Ýagny telekeçilik işi boýunça tälim bermek hem infobiznesiň bir ugry diýip ykrar etmek bolar. Adatça bilim tejribe bilen birleşende has güýçli häsiýete eýe bolýar. Eger durmuş tejribäňiz ýetik bolsa we edýän işiňizden gowy baş çykarýan bolsaňyz, onda näme üçin öz gazananlaryňyzy başgalara ýerlemeli däl?
Daşary ýurt tejribesine seredenimizde biznes kouçlykdan ýa-da durmuş tälimçiliginden baýap giden birnäçe adamlary mysal getirsek bolar. Bularyň arasynda E.Robbins ýaly tanymallary hem, känbir tanalmaýanlary hem kän.
Bu iş üçin başdaky maýa goýum gerek däl
Biznes kouçlygy ýa-da biznes tälimçiligi iň bir çykdajysyz önümçiligiň hataryna goşsak bolar. Munuň taraplaryň ählisi üçin hem bähbitli taraplary bar. Eger siziň maslahatyňyzyň ýa-da sapaklaryňyzyň netijesinde kimdir biri üstünlik gazansa bu hemmeler üçin bähbitli bolup durýar. Siz bolsa öz gezeginde goşmaça girdeji çeşmesine eýe bolarsyňyz we durmuşda adamlaryň ýaşaýşyna hem peýdaly goşant goşarsyňyz.
Elbetde biznes kouçlyk üçin durmuşda belli bir üstünlige ýeten bolmagyňyz, maliýe sowatlylyk derejäňiziň ýokary bolmagy we durmuş tejribäňiziň uly bolmagy diňleýjileriň ünsüni çekmekde ýardam berer. Sebäbi telekeçilik işinde üstünlik gazanmak barada sapak bermek üçin dürli ugurlar boýunça dürli soraglardan baş alyp çykmagyňyz zerurdyr.