Ýedi ölçäp, bir kes ýa-da öz işiň töwekgelçiligi

Photo by Pixabay
Telekeçilik, söwda-satyk ýa-da umumy biznes barada gürrüň açylanda ilki bilen risk soragy ýüze çykýar. Bu soraga finansistyň we telekeçiniň çemeleşmesi birmeňzeş bolmaýar, munda finansitler passiw hasaplanýar, onuň sebäbi hem olar töwekgelçiligi statistiki maglumatlary we hasaplamalary ulanyp teoriýa taýdan çemeleşýärler.
Biziň elimizdäki ulanýan iPhon el telefonynyň döredijisi telekeçi Stiw Jobs, Apple taslamasyny başlamak üçin maýa goýum gözlän wagtlary, 10 dan hem köp wençur fondlary onuň bu taslamasyndan ýüz öwürdiler. Wençur fondlarynyň başynda oturanlar gönüden-göni bu taslamanyň potensialyny görüp bilmeýän finansistlerdi. Stiw bolsa telekeçi hökmünde öz işiniň üstünlikli boljakdygyna ynamy güýçlüdi.
Işleri şowly bolan köp telekeçileriň tapawudy, olaryň gözüni ýumup riske girmeginde we niýetlän işine başlamagynda, onuň sebäbi hem, öz açjak işine, biznesine özlerini öňünden taýýarlamagy, bazardaky konkurentlerini we müşderilerini tanamagy, öz işini has gowy edip biljekdigine we şol işde üstünlik gazanjakdygyna ynanmagy.
Töwekgelçilikleri dolandyrmak
Töwekgelçilikler görnüşleri boýunça dolandyrylyp biliner – olar işiň içinde bolup geçýän wakalaryň netijesinde ýüze çykýar we olara içki töwekgelçilikler diýilýär. Bu töwekgelçilikleriň ýüze çykma ähtimallygy we öňünden aňyp bolma häsiýeti bilen tapawutlanýar. Müşderilere hödürlenýän önümiň hiliniň pese gaçmagy, önümçilikde howply ýagdaýyň döremegi, işçileriň sowuksalalygy, enjamlaryň döwülmegi we könelmegi, harytlara zeper ýetmegi, ýangyn we ş.m. faktorlar sebäpli ýüze çykýar.
Işiň içindäki wakalar esasynda döremeýän töwekgelçiliklere daşky töwekgelçilikler diýip bolar. Olar öňünden asla görüp bolmaýan ýagdaýlardan döräp bilýär. Bahalaryň üýtgemegi, ykdysady krizisler, ýer titremeler, sil almalar, başgada tebigy betbagytçylyklar we ş.m.
Töwekgelçilikleriň görnüşleri
Maliýe töwekgelçiligi – telekeçiniň öz maýasy bilen birlikde karz pul serişdelerini ulananda ýüze çykýar.
Strategiki töwekgelçilik – öňünden taýýarlanan meýilnamanyň ýa-da biznes strategiýanyň durmuşa üstünlikli geçmezligi bilen baglanyşykly.
Abraý töwekgelçiligi – kompaniýanyň aý-da telekeçiniň abraýyna oňaýsyz täsir edýän faktorlar sebäpli peýdanyň azalmagy.
Gabat gelmezlik töwekgelçiligi – önümiň kanunlaryň we düzgünleriň talaplaryna gabat gelmedik ýa-da bozulan ýagdaýynda ýüze çykýar.
Amal töwekgelçiligi – biznes prosesleriň, sada dil bilen aýdanymyzda işiň talaba laýyk we dogry gurnalmadyk ýagdaýynda ýüze çykýar. Durmuşda iň köp gabat gelýän riskleriň biri hasaplanýar.
Ýokardakylardan başga-da, öz işiňize täsir edip biljek köp töwekgelçilik gabat gelip biler.