Robotmy ýa-da adam - biznes kimi saýlaýar

Photo by Turkmenportal
Soňky ýüz ýyllygyň dowamynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda tehnologiýalar möhüm orny eýeledi – olar, ýönekeý oba hojalygyndaky elektron gurallaryndan başlap, uly zawodlarda işleýän robotlardyr. Gitdigiçe robotlar biznes prosesleriniň bir bölegine öwrülýär. Olar adamlar bilen işleýärler ýa-da olaryň ornuny tutýarlar.
Başgaça aýdylanda, robotlar hünärmen hökmünde adamyň wezipelerini ýerine ýetirýän metal enjamlaryň wekilleri. Öňki makalalarymyzda ýazyşymyz ýaly, robot bilen gönüden-göni baglanyşykly hünärler barha aktuallaşýar.
Ýaponiýa robot öndürmekde dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hasaplanýar, bärde robotlara hemme ýerde duşup bolýar, restoranlaryň aşhanasynda suşi ýasaýan we gök önüm kesýän robot, azyk önümlerini öndürýän robot, tüwi ekýän we onuň idegini amala aşyrýan robot. Administratorçylyk edýan ýa-da arassalaýjy robotlar. Kofe dükanlarynda size ajaýyp kofe bilen hödür etjek barista robotlary işleýär.
Hiç hili duýgy görkezmän iş borçlaryny gönüden-göni ýerine ýetirýän, yzygiderli işleýän "robot ýaly işleýär" diýen aňlatma köp duş gelýän bolsak gerek. Hakykatdanam, bu gabat gelýän deňeşdirme.
Ösen we ösýän ykdysadyýetli ýurtlaryň mysalynda, senagatyň ösen ýerlerinde kompaniýalar köplenç önümçiligiň robotlaşmasyna agram berýärler.
Islendik bir robotlaşan zawodyň önümçilik prosesine syn edip, ykdysady nukdaýnazardan robotlaryň bähbitlidigine göz ýetirýäris, sebäbi olaryň iş prosesi üznüksiz bolýar, olar üçin ýörite şertli iş binalar zerur däl, iýmit ýa-da olar ýörite temperatura režimini talap etmeýärler.
Eger göterimde alsak, häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde robotlar esasan senagat pudagynda agdyklyk edýär. Gämi gurluşygy, uçar gurluşygy, atom senagatynda, oba hojalygy ýaly pudaklarda adamlar öz ornuny robotlara bermeýärler. Hyzmat sektorynda edil şolar ýaly.
Ykdysatçylaryň pikirine görä, giňden ýaýran robotizasiýa, durmuşy ýeňilleşdirýär we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrýar hem-de ykdysadyýete oňyn täsirini ýetirýär, şol bir wagtyň özünde pes hünärli işçiler üçin we belli bir derejede orta hünärli işçiler üçin howp döredýär. Emma şeýle-de bolsa, işde günortanlyk arakesmede siziň bilen gürleşýän ýakymly adamyň ýerini tutjak zat bolmaz.