Özünde müňlerçe banklary birleşdirýän SWIFT näme

Surat SWIFT logotipi
SWIFT (Society for Worldwide Interbank Financial Telecommunications) Bütindünýä bankara maliýe telekommunikasiýa jemgyýeti - banklaryň maliýe maglumatlaryny alyp-bermek we halkara töleglerini amala aşyrmak üçin ulanylýan ulgamy. Ol 1973-nji ýylda Belgiýanyň Brýussel şäherinde esaslandyrylan. Häzirki wagtda 10 müňden köp dünýäniň banklary oňa agzalyk edýärler, şol sanda Türkmenistanyň banklary hem onuň agzasydyr.
Her agza bankyň öz SWIFT kody bolýar, şol kodlaryň kömegi bilen banklar sanlyja minutda dünýäniň islendik ýerindäki beýleki banklar bilen töleg hasaplaşyklaryny, ýa-da maglumat alyp-bermegi amala aşyrýarlar.
Banklaryň SWIFT kodlary telekeçileriň we kompaniýalaryň daşary ýurtlar bilen söwda edende ýagny import we eksport amallary üçin zerurdyr, şahsy taraplara bolsa, daşary ýurt bilen amala aşyrýan şahsy töleglerinde gerek bolýar.
SWIFT kody 8 ýa-da 11 simwoldan san bilen harplardan ybarat bolýar. Ilkinji 4 - guramany, indiki 2 simwoly - ýurduny, indiki 2 - sebiti we soňky 3 simwoly - şahamçany aňladýar.
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky öz internet sahypasynda, özüne degişli dünýädäki habarçy banklarynyň SWIFT kodlaryny berýär, mysal üçin, onuň Ýaponiýadaky “Mizuho Bank LTD” bankyndaky ýapon ýenindäki kody -MHCBJPJT simwollardan yabarat diýlip saýtda görkezilen.
Eger döwletiň kanunlaryna garşy bolmaýan bolsa, SWIFT ulgamynda geçirilýän tölegleriň mukdary çäklendirilmeýär. Tölegiň ýerine ýetiriliş güni, iň köp 2 günde amala aşyrylýar.
Töleg amala aşyrylanda bank edarasynda ýörite anketa doldurylýar. Internet ulgamynda dünýaniň islendik bankynyň, şol sanda türkmen banklarynyň hem SWIFT kodyny bilmäge mümkinçilik berýän web saýtlar bar.