Bitkoin barada kelam agyz söz

Surat türkmen teňňeleri we bitkoiniň misden suwenir görnüşi
Geçen gezekdäki "Kriptowalýuta - ýönekeý sözler bilen" atly makalamyzy dowam edip, bu gezek dünýädäki ilkinji kriptowalýuta bolan bitkoin (Bitcoin) barada söz açalyň. Umumy söz bilen aýdylanda, bitkoin – internediň üsti bilen işleýän wirtual pul serişdesi. Ony pul serişdesi hökmünde ulanmaklarynyň bir sebäbi – internediň üsti bilen geçirilýän töleglerde we hasaplaşyklarda amala aşyrmak üçin. Adamlaryň içinde bitkoini süýşürintgi edip toplaýanlaram az däl. Bitkoindäki amallar internet birikmesiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Munuň üçin internetde her dürli taýýar programmalar, elektron gapjyklar, platformalar bar.
Bitkoiniň şekili
Bitkoin eliňde tutup ýa-da görüp bolýan fiziki formasy bolan maddy gymmatlykdäl. Ol diňe bir sanlardan düzülen internet torundaky maddydäl gymmatlykdyr. Bitkoiniň san düzüminiň aýratynlygy onuň howpsuzlygynda, ýagny başgalaryň bidüzgün hereket edip bilmezligi üçin çylşyrymly bolan matematiki formulalardan düzülmeginde.
Bitkoiniň gymmaty
Türkmen manady bilen deňeşdirilende, ýagny 1 manat = 100 teňňeden ybarat bolsa, 1 bitkoin = 100 000 000 satoşiden ybarat hasaplanýar.
Bu walýutanyň gymmaty nämede? Bitkoinleriň köp ýurtlarda, esasan hem günbatar ýurtlarynda, Hytaýda we Ýaponiýada gymmaty bolan ýörgünli pul hasaplanýar. Gün-günden internetde muny töleg hökmünde kabul edýän söwdagärleriň sany hem barha artýar. Mundan başga-da bitkoini dollar, ýewro, hytaýyň ýuani, ýaponiýanyň ýeni we ş.m. ýörgünli walýutalara alyş-çalyşlary edip boljak biržalar köpelýär.
Bitkoiniň bahasy şu güne çenli durnuklylygy saklap bilmedi, onuň bahasy dowamly göterildi, dowamly pese düşdi. 2018-nji ýylyň dekabrynda 3 000 ABŞ dollara çenli pese düşdi. 2020-nji ýylyň soňuna, 1 bitkoiniň bahasy 30 000 ABŞ dollary töweregine ýetdi bu baha onuň taryhynda iň uly bahasy boldy, çaklamalara görä bu baha ýenede artar diýilýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bitkoiniň özüni beýle alyp barmagynyň sebäbini, adamlaryň oňa bolan ynamynyň entek pes bolandygy üçin diýip hasaplaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä bitkoiniň bahasyny ýa-da gymmatyny adamlaryň oňa bolan ynamy, islegi we teklibi kesgitleýär. Bitkoina bolan isleg köpelip başlan wagty onuň bahasy gymmatlaýar, isleg azalanda bolsa arzanlaýar.
Internetde Google gözlegi 1 bitkoinyň - türkmen manadyna bolan gatnaşygyny görkezýär.
Bitkoin barada söz açylanda köp sorag döreýär. Bitkoin, umuman kriptowalýutalaryň özi gaty bir çylşyrymly bolan gymmatlyklar. Onuň internet torunda döreýşi, gazanylyşy (maýning diýilýär) giden algoritimler bilen gurşalandyr. Hatda bitkoin ilkinji gezek 2009-njy ýylda çykarylan hem bolsa, kimiň çykarandygy barada şu güne çenli anyk bir zat ýok, ýaponiýaly Satosi Nakomato diýip ýazylýar, emma ol şahs barada entegem hiç hili maglumat ýok.
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýraklaryny alan ykdysatçylaryň we dünýä belli maýadarlaryň içinde bitkoini tankyt edýänler az däl, olaryň aýtmagyna görä, özüniň maddy gymmatlygy bolmadyk (eliňde tutup bolmaýan gymmatlyk) we hiç bir zada, ýagny altyna, kümşe ýa-da başga bir maddy gymmatlyga baglanmadyk ýöne bir sanlardan ybarat bolan bitkoiniň gelejegi ýok diýip hasaplaýarlar.