Termoplastawtomat – köp dürli önüm öndüren bir enjam

Photo by Resplash
Plastmassadan önümlere bolan isleg bazarda peselmeýär, tersine ösýär. Gündelik durmuşymyzda plastmassadan bolan dürli aşhana esbaplary, oýunjaklar, hojalyk harytlary, bazarlarda gök önümler we miweler üçin ulanylýan ýaşikler köp möçberde ulanylyp başlandy. Hat-da hemmämiziň bilşimiz ýaly hudaýoly, toý, sadaka ýaly milli çärelerimiziň köpüsinde ýadygärlik hökmünde plastmassa önümleri paýlanýar. Onuň sebäbi bu önümleriň çydamly we elýeterli bolmagynda.
Plastmassa ýeňil we daşamak aňsat bolan önüm. Iň esasy bellemeli zatlaryň biri hem, önümi gaýtadan işläp bolýar.
Önümiň düzümi tutuşlygyna diýen ýaly ýerli çig maldan ybarat, ýagny nebit önümi daşary ýurduň çig malyna garaşly däl diýseňem bolýar.
Dürli görnüşdäki plastmassa önümlerini öndürýän türkmen telekeçileri, şu enjamy ulanýarlar. Ýerli bazarda bolsun, halkara bazarynda bolsun plastmass önümlerine mydama uly isleg bildirilýär. Marketing gözleglerini geçiren ýagdaýyňyzda, taýýar önümleriň eksportuny ýola goýup bilersiňiz.
Taryhdan
1869-njy ýylda oýlap tapyjy Jon Haýatt nitrosellulozadan ýasalan täze material tapdy. Soň bolsa doganlar Jon we Isaýi Haýattlar basyş astynda işleýän ilkinji iş maşynyny ýasadylar, şondan soň plastmassa suwuk görnüşe eýe boldy.
Termoplastawtomat näme
Termoplastawtomat - ýokary temperaturanyň täsiri esasynda plastmassany eredip oňa dürli şekil berýän enjam. Enjam plastmassany islendik ululykdaky şekile öwürýär. Çig mal üçin granulalar görnüşinde dürli polimer materiallar ulanylýar.
Bu enjam el ýa-da awtomatiki usulda işleýär. Olaryň tapawudy, elektroenergiýany sarp edişindedir. Enjamlaryň durýan ýeri güýçli howalandyrma bilen üpjün edilen bolmaly.
Termoplastawtomat nähili işleýär
Polimer granulalardan ybarat bolan çig mal, eräp enjamyň içindäki ýörite gaba akýança zerur bolan temperaturada gyzdyrylýar. Ondan soň, enjam erän suwuklykdan gerekli bolan mukdary şekil beriji gabyň içine guýýar. Basyşyň kömegi bilen galyplar doly we deň derejede doldurylýar. Basyşyň aşagynda önümiň şekili emele gelýär az wagtdan sowaýar we gataýar. Önümleriň owadan reňke eýe bolmagy üçin granulalar biri-biri bilen garylýar.
Enjamlaryň esasy iki görnüşi bolýar: olar gorizontal we wertikal. Görnüşleri içindäki şnek ugruna baglydyr. Bazarda iň ýörgünlisi gorizontal görnüşleri hasaplanýar. Önümçilik taýdan gorizontal görnüşli enjamlary wertikala garanyňda has kuwwatlydyr.