TNGIZT А-98 benzin satyn almak boýunça tender yglan edýär.


TNGIZT 14.08.2021-nji senesine çenli А-98 benzin satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär.

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölümine

-bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

-Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;

-tehniki talaplaryny almaly;

Tehniki talaplar bilen www.oilgas.gov.tm internet-saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýörite tender tölegini 575 amerikan dollary (GBS-i hasaba almak bilen) möçberini tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Adres: Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş., TNGIZT.

Bäsleşik tekliplerini görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Bäsleşik teklipleri iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada täjirçilik teklip bolmaly.

Elektron adres: tngizt@online.tm arza ibermek üçin.

Habarlaşmak üçin telefonlar : +993(243) 9 60-48, 2-03-89, факс: +993(243) 2-11-49;.

Çeşme: metbugat.gov.tm