Ýyladyşhana biznesi - möwsüm ýakynlaşdy

Photo by Mahmal agroproduct
Oba hojalygynda ýyladyşhana biznesi edilen çykdajylary iň tiz ödeýän ugurlaryň biri hasaplanýar. Düşewüntlik möhleti 2 ýyla çenli, möçberi iň pes 30 % çenli ýa-da ondan hem ýokary bolýar.
Ýyladyşhanada näme ýetişdirmek amatly
Bazaryň seljermesine garalsa, pomidor we hyýar, iň köp sarp edilýän ekinlerdir. Hatda hyýary uzagrak möhletde saklamaga mümkinçilik hem bolýar.
Soňky ýyllarda ýyladyşhanada ýetişdirilen hasyllary, daşarky bazarlara eksport hem edilýär.
Ýyladyşhanada ýokary hasyllylygy üpjün etmekligiň esasy şertleri (Ýyladyşhana biznesiniň esasy düşünjeleri):
Ýyladyşhananyň içindäki, temperatura derejesi;
Şitilleriň ösmegi üçin gerekli mineral dökünler we olaryň möçberi;
Boý almak üçin gerekli temperatura derejesi;
Ýetişme möhletleri;
Howanyň we topragyň çyglylyk derejesi.
Agranomçylykdan we inženerçilikden başyňyz çykýan bolsa, onda wagtyňyz hem-de puluňyz tygşytlanar.
Ýyladyşhananyň bahalary we görnüşleri
Ýyladyşhananyň bahasy onuň:
Göwrümine we şekiline;
Saýlanan materiallaryna;
Gurluşyk we gurnama işlerine;
Içinidäki inžener ulgamynyň gurnalyşyna bagly.
Eger-de ýyladyşhanada işgär işletmezden, senagatdan taýýar görnüşini gurnamak isleýän bolsaňyz, onda meýdanyň möçberi uly bolmalydyr.
Önümleri satmaklyk
Bu işde, bellemeli iň esasy işleriň biri, önümiň üznüksiz ýagdaýda ýerlenmesidir. Sebäbi gök önümler gysga wagtda zaýalanmak we görnüşini ýitirmek bilen bolýarlar.
Önümi ýerläp boljak ýerleri agzap geçeliň:
Şäher ýerlerindäki bazarlar;
Lomaý söwda, bu görnüşdäki söwdanyň peýdaly tarapy, siziň wagtyňyz tygşytlanar, emma bahasy bazar bahadan arzan bolar;
Gök önümleri täzeden işleýän, konserwirleýän önümçilikler;
Şäherde ýerleşen köpçülikleýin naharlanyş ýerler.
Işiň göwrüminiň kiçi ýa-da uly bolmagyna garamazdan, hökmany ýagdaýda başlangyç maýa zerurdyr. Ilkinji hasyldan girdeji alynýança, bir gezeklik we dowamly boljak çykdajylar:
Ýeriň kärende çykdajysy;
Ýyladyşhanany gurnamak üçin çykdajy;
Ekin üçin ýöriteleşdirilen toprak satyn almak;
Şitilleri satyn almak;
Ýene-de işgärlere tölenmeli zähmet haky, harçlanan suw, gaz we elektroenergiýa üçin tölegler. Bu çykdajylaryň hemmesi başlangyç maýanyň hasabyna amala aşyrylmaly.
Dökün satyn almak;
Suw, gaz we elektroenergiýa ulgamyny gurnamak üçin.
Gaýry administratiw çykdajylar.