Dünýä meşhur işewürlerden bir näçe maslahatlar

Photo by washingtonpost
Üstünlik gazanan adamlar, bir bada beýle bolmadylar. Köp adamlaryň, başga bir adamda görýän meşhurlygy, baýlygy, karýerasy – wagt bilen bagly bolan, giden zähmet siňdirilen, ukusyz gijeleriň netijesidir.
Üstünlik gazanmak üçin her bir güni maksatlaryňyza ýakynlaşmak üçin bir pursat hökmünde ulanmaly bolýarys. Adam näçe köp üstünlik gazansa, şonça-da köp etjek bolýar, şonça-da maksadyna ýetmek isleýär.
Işewürlik dünýäsinde ýokary derejelere ýetenlerden maslahatlar.
Edil häzir, haýsydyr bir telekeçi öz işine başlamaklyk barada ikirjiňlenýär we “entek wagty däldigi” barada pikir edýär. Bir zada düşüniň,“amatly wagt” hiç haçan bolmaýar.
Kewin Plank “Under Armour” atly meşhur sport egin-eşik markasynyň döredijisi.
Maňa mundan ozal gabat gelmedik ähli soraglardan baş alyp çykmagy öwrendim. Ösüş we rahatlyk ikisi birlikde bolmaýar.
Jinni Rometti, IBM kompaniýany dolandyran ilkinji aýal.
Eger-de edýän işiň adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrýan bolsa, onda hakykatdanam ol işiň gymmaty bar.
Mark Sukerberg, internet-tehnologiýalary pudagynyň iri telekeçisi.
Biznesi dolandyrmak diýmek, meseleleri üstünlikli çözmek diýmekdir. Meseleleri çözmek üçin bolsa adamlary diňlemek gerek.
Riçard Brenson, Dürli ugurlar boýunça 400 töweregi kompaniýany öz içine alýan “Virgin Group” korporasiýasyny esaslandyryjy.
Biznesde iň akylly çözgüt – ýokary hünärli işgärleri hakyna tutmakdyr. Kompaniýaňyza iş başarýan adamlary kabul etmek – üstünligiň 95 göterimini düzýär.
Braýan Treýsi, onlarça dillere terjime edilen, biznes boýunça segsen töweregi kitaplarynyň awtory.
Özüňizi, hamala ýenede 500 ýyl ömrüňiz galan ýaly alyp barmany bes ediň.
Bill Geýts, Windows operasion ulgamynyň döredijisi.
Näçe zähmetsöýer we ukyply bolsaňyz hem, käbir zatlaryň amala aşmagy üçin wagt gerek.
Uorren Baffet, dünýädäki iň iri maýagoýumçylaryň biri.
Eger-de puluň azlyk edýän bolsa öz biznesiňe başla. Eger-de puluň hiç ýok bolsa - onda gyssagly öz biznesiňe başla, edil häziriň özünde!
Jon Rokfeller, Standart Oil kompaniýanyň döredijisi.