“Türkmenhimiýa” DK ýod, brom önümlerini öndürýän zawodlaryň gurluşygy boýunça tender yglan edýär.


“Türkmenhimiýa” DK "Balkanabat" ýod zawodynyň çig mal bazasynyň durkunyň täzelenmegi bilen ýod, brom we ýod, brom önümlerini öndürýän zawodlaryň taslamasyny düzmek we düýpli gurluşygy boýunça halkara tender yglan edýär. Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

- GBS-i hasaba almak bilen 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça manat görnüşinde (Türkmenistanly gatnaşyjylar üçin) töleg töläp tender resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tender gatnaşmak üçin teklipler 01.06.2021 senesine çenli kabul edilýär.

E-mail: th.gurlushyk@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-01-02, 39-01-58, 39-01-55, faks: 39-01-98.

Çeşme: metbugat.gov.tm