Näme üçin Türkmenistanda ýyladyşhana biznesi amatly

Photo by business.com.tm
Türkmenistanyň klimaty, özboluşly ýagtylyga we ýylylyga eýedir. Ýylyň dowamynda ortaça 10 -20 gün aýazly howa bolup, 230 -270 gaty sowuk bolmaýar. Gyş möwsüminiň temperaturasy bolsa, ortaça +8 -9°С ybarat bolýar.
Meselem pomidor, hyýar, bolgar burçy we badam – bular ýylylygy gowy görýän, sowuklyga bolsa çydamsyz gök önümlerdir. Howa temperatursy 0°С derejeden aşak düşen ýagdaýynda olar guramak bilen bolýarlar. +15°С aşak, +30°С ýokaryk temperaturalarda ösümlikler ösmegini bes edýärler.
Adaty klimaty sowuk ýurtlarda ýetişdirilýän hasylyň özüne düşýän bahasy gymmat bolýar. Ady agzalan ekinler üçin, Türkmenistanyň howa şertleri amatly bolup, önümiň bahasy arzana düşýär hem-de daşarky bazarlara çykarmaga mümkinçilik döreýär.
Ýyladyşhana biznesinde çykdajylaryň uly bölegini energogöterijiler tutýar. Türkmenistanda bolsa, olaryñ nyrhnamalary elýeterlidir.
Ýyladyşhanada ýetişdirilýän gök önümleriň, hasyl berijiligi tiz möhletlidir. Iş doly gurnalan ýagdaýynda, bütin ýylyň dowamynda hasyl ýygnamaga mümkinçlik bolýar.
Ýyladyşhanada 1m2 ýerden ortaça 27 kg hasyl alyp bolýar diýip mysal alsak, hasap boýunça bir gektaryň kuwwatlygy 270 tonna barabar bolýar.
Meselem, bir ýylda adam ortaça 12 kg pomidor sarp edýän bolsa we içerki bazarda ortaça 4 million sarp ediji bar diýip mysal alsak, pomidor dolanyşygy ýylda 48 million tonnadan ybarat bolýar.
Türkmenistana geografiki ýakyn bolan Russiýa ýa-da Gazagystan ýaly döwletler özlerine uly möçberde pomidor import edýärler. Bu bazarlar biz üçin geografiki taýdan has ýakyn hasaplanýar. Eger transport çykdajylaryny azaldyp, haryt görnüşini saklama şertleri kämilleşdirilse, Ýewropanyň hem bazarlaryny göz öňünde tutup bolar.