“Hazar” konsorsiumy gaz gysyjy enjam üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär


“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy Ariel JGJ-4 gaz gysyjy enjam üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär.

- 22.10.2020 seneli Arza № 7– gaz gysyjy enjam üçin ätiýaçlyk şaýlary (4 pozisiýa).

Tendere gatnaşmak 30.11.2020 senesine çenli aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  1. dalaşgäriň marketing soraşmasyna gatnaşmak üçin ýazan arzasyny (kontakt maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) taýýarlamaly we görkezilen salga ibermeli;
  2. Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesi görkezilmeli.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 62 59 22 31; +993 61 76 54 88.

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon: +7 495 788 55 60, faks+ 7 495 748 32 31.

Elektron salgysy: mitro13@mitromos.com; sergey.radko@mitromos.com; marketing@mitromos.com;

Çeşme: metbugat.gov.tm