Daşardaky reklamalary gurnamagyň biznesi


Surat turkmenportaldan, Aşgabat şäherindäki "Mahabat" monumenti

Mahabat Türkmenistanda ykdysady prosesleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Onuň sebäbi hem bazardaky harytlaryň we hyzmatlaryň esasy "hereketlendirijisi" reklama hasaplanýar. Mahabat - islegi artdyrýar, haryt dolanyşygyny çaltlaşdyrýar we önümçiligi giňeldýär.

Telekeçiler tarapyndan alnyp barylýan daşarky reklamalary gurnama hyzmaty - harytlary we hyzmatlary açyk meýdanlarda mahabat etmäniň iň esasy we täsirli görnüşlerinden biridir. Biznes diňe bir şäher bilen çäklenmän, tutuş ýurt boýunça alnyp barylsa, ösmäge we peýda gazanmaga mümkinçilik berer.

Bu ugurda täze açylýan biznesiň özüni ödeme möhleti ortaça 15 aý hasaplanýar. Ýasalýan reklamanyň bahalary - sarp edilýän materiallaryň çykdajysyndan, zähmet haky çykdajysyndan we üstüne goýuljak nyrhdan ybarat bolýar.

Daşarky reklamanyň görnüşleri

Bilbordlar - adaty ululygy 3 x 6m bolan mahabatyň iň ýaýran görnüşi. Galkan bir, iki ýa-da üç taraply konstruksiýa bolýar. Düzümi poster we karkas. Afişa çap etmek üçin banner mata (winil) ýa-da kagyz ulanylýar. Banner mata berkligi bilen tapawutlanýar. Karkasy alýumin we poslamaýan materiallardan ýasalýar.

Photo by gallerymedia

Supersaýtlar - uly formatly özbaşyna durýan, daşky yşyklandyryşy bolan, adaty ululygy 15x5m ýa-da 12x5m bolup beýik sütünlere oturdylýanlygy sebäpli, beýleki mahabat formatlarynda agdyklyk edýär. Adatça, şeýle gurluşlar esasy magistral ýollarynda ýerleşýär.

Photo by gallerymedia

Brandmauer – mahabat etmegiň ýaýbaň görnüşi, binalaryň diwaryna berkidilen uly gurluşa eýe bolýar. Ölçegi olaryň ýerleşýän binasynyň diwaryna baglydyr.

Photo by tentmarket

Jaýyň üçegindäki mahabat - daşarky we içerki neon yşyklandyryşy ulanyp, binalaryň üçeklerine gurlan konstruksiýadan ýasalan mahabat serişdesidir. Bu görnüş esasan önümi ýa-da brendi mahabatlandyrmagyň usuly hökmünde ulanylýar.

Siti formaty - köp adamly ýerlerde mahabat üçin siti formatynyň gurluşy ulanylýar. Mahabat afişasynyň formaty ýerden gaty ýokary bolmaýar. Ýokary hilli owadan dizaýn potensial müşderileriň ünsüni aňsatlyk bilen özüne çekýär. Bu gurluşlaryň adaty ölçegi 1,20 x 1,80 m

Photo by gallerymedia

Laýtbordlar - yşyklandyryjy sütünlere berkidilen, mahabat suraty içinden çap edilen we içinden ýagtylyk berilýän göniburçlyk.

Photo by custom74

Enjamlar

Işde ulanylýan esasy enjamlar: kompýuter, printer, uly formatdaky printer we laminator, kesiji, poroşok boýag pürküjiler, kebşirleýji apparat we beýleki gurallar toplumy.

Töwekgelçilikler

Biznese ýaramaz täsir edip biljek töwekgelçilikler – ulanylýan esasy çig malyň importa baglydygyny göz öňünde tutsak - materiallaryň bahasynyň ýokarlanmagy, islegiň pese gaçmagy, tebigy betbagtçylyklar (kepillik döwründe), bäsdeşleriň hereketleri.