Biznes ideýa - Türkmenistanda düýe süýdüni öndürmek


Surat nilexplorer'dan, önümini 14 ýurda eksport edýän Dubaýdaky Camelicious atly uly düýe fermasy.

Asyrlar boýy diňe içgi diýlip hasaplanýan düýe süýdünden, indi süýt kokteýlleri​, doňdurmalary, çaga iýmitini hatda şampun hem öndürilip başlandy. Düýe süýdünden ýasalan peýnire bolsa daşary ýurt bazarlarynda ýokary baha berilýär. Iň az kaloriýa​ bolan bu süýt, bejeriş aýratynlyklarynyň ägirt sanawy bilen halk lukmançylygynda özüni tanatdy.

Mysal üçin, Hytaýyň bazary guradylan düýe süýdüniň poroşogyny​ beýleki süýt önümlerine öwürýän uly importýorlaryň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda fitnes bilen baglanyşykly önümlere islegiň artmagy bilen Dubaýdaky​ käbir kompaniýalar düýe süýdünden proteinli batonçikleriň​ önümçiligini ýola goýup başladylar.

Bu biznes bilen baglanyşykly kynçylyklardan biri, sygyr süýdüne garanyňda düýe süýdüni sarp edijileriň az bolmagydyr, onuň düýp meselesi bolsa alyjylaryň düýe süýdi barada az maglumatly bolmagydyr. Adamlar düýe süýdüniň peýdalaryna düşünip başlanda bu süýdi sarp edip başlaýarlar. Barlaglar, bedeni laktoza​ çydamsyz bolan adamlar düýe süýdüni has aňsat siňdirýändigini görkezýär.

Türkmenistanda düýeler

Türkmenistanda düýeleriň Arwana tohumynyň Sakarçäge görnüşleri esasan ösdürilip ýetişdirilýär, bu görnüşler ýokary öndürijilikli süýt bilen tapawutlanýarlar. Arwanalary ýylyň dowamynda öri meýdanyň şertlerinde bakyp bolýar. Beýleki haýwanlar üçin ýaramsyz diýen ýaly çöl ösümliklerini ulanyp bilýärler - iň gowy görýän iýmitleri ýandak, şeýle hem çogan-ýowşanlar, gyrymsy we ýarym gyrymsy agaçlardyr. Duzly we ajy duzly suwlary içip bilýärler.

Düýäniň öndürijiligi

Düýeler öý şertlerinde ýyllyk ortaça 500 -600 litr süýt berýärler. Gowy ferma şertlerinde ýylda 1 -1 ,5 müň litr almaga mümkinçilik berýär. Ýaglylygy 3 ,8 % bolup sygyr süýdüne garanyňda ep-esli ýokarydyr.

Ýerleme

Häzirki wagtda Türkmenistanda çal we agaran ýaly önümleri öndürýän milli öndürijileriň sanynyň köpelýändigini göz öňünde tutmaly. Şu nukdaý nazardan, içerki bazary seljerip çal bilen agaran önümçiligini däl-de başga önümleri öndürmek has peýdaly bolar. Iň gowy pikir hökmünde, bu önümi eksport etmek üçin daşary ýurt bazarlaryny öwrenmekdir.