Daşoguz welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär


Daşoguz welaýat häkimligi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda bäsleşik yglan edýär.

- welaýatynyň Daşoguz şäherinde 1 sany çagalar bagynyň we 600 orunlyk orta mekdebiň,

- Boldumsaz etrabynda 1 sany çagalar bagynyň we 1 sany orta mekdebiň,

-Köneürgenç etrabynda 1 sany orta mekdebiň,

- Derýalyk geňeşliginiň Derýalyk obasynda 200 orunlyk medeniýet öýüniň,

- Köneürgenç şäherinde 200 orunlyk medeniýet öýüniň,

- Akdepe etrabynda 1 sany çagalar bagynyň, 1 sany orta mekdebiň we 1 sany Medeniýet öýüniň,

- Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 1 sany orta mekdebiň,

- Görogly etrabynda 1 sany orta mekdebiň,

- S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda 1 sany orta mekdebiň we 1 sany çagalar bagynyň,

- Gubadag etrabynda 1 sany çagalar bagynyň we 2 sany orta mekdebiň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks 9-31-87.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş.

Çeşme: metbugat.gov.tm