Zyňylýan aýna önümlerini täzeden işlemek


Photo by utilit.ru

Aýna - gaýtadan işläp bolýan önüm, ony doly täzeden işläp, ýenede çig mal hökmünde ulanyp täze bir önüm çykaryp bolýar. Aýnany gaýtadan işlemeklik bilen, daşky gurşawa ýetirilýän zyýan azalýar - ol toprakda aňsat çüýremeýändigi üçin, ony gaýtadan işlemeklik topragyň zaýalanmak howpunyň öňüni almaga ýardam edýär. Ulanylan aýnadan önümleri täzeden işlemek üçin edilýän çykdajy, ony ilkinji gezek öndürilende ulanylýan energiýa we çig mal çykdajysy ýaly köp bolmaýar.

Aýna önümleriniň ähli görnüşleri gaýtadan işlenýär, ýöne olaryň hersiniň öz usuly bar. Gaýtadan işlemeklik aňsat bolan görnüşleri – gündelik ulanýan aýna gap-gaçlarymyz​, çüýşeler, bankalar​ we şoňa meňzeş önümlerdir.

Aýnany gaýtadan işlemek

Täzeden işlenmeli aýnalar - reňkleri boýunça tertiplenýär​, etiketkalar​, dykylar we ş​.m​. hapalardan arassalanýar, ýuwulýar we owradyp iri poroşoga​ öwrülýär, eger öz içinde önümçilik gurnalan bolsa öz sehine bolmasa, gaplanyp isleg bolsa ýerli aýna önümlerini çykarýan zawodlara ýa-da daşary ýurda çig mal hökmünde eksport edilýär.

Aslynda aýna önümleri öndürilende, çig mal edip köne işlenen aýnalary ulanýarlar ýa-da ilkinji gezek aýna öndürmek üçin ilkinji gezek ulanylýan poroşoklary​ - hek, çäge we soda ulanyp öndürilýär. Gaýtadan işlemegiň doly siklini gurnamak üçin, aýna eredýän 1500 gradusa çenli temperaturany saklap bilýän ýörite enjamlar zerurdyr.

Mysal üçin, kiçi kärhanalar aýna çüýşe, banka şeýle hem ýönekeý penjire aýnalary ýaly reňksiz aýnalary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýarlar. Sebäbi reňkli aýnalary, lampalary, köne telewizor we kompýuter ekranlary we döwülen hrustallary​ gaýtadan işlemek has hem kyn bolýar. Köplenç aýna galyndylaryny bölekleýin gaýtadan işleýän ýörite kärhanalar gurulýar.

Önümçiligi guramak

Önümçilik prosesi gaty sesli geçýäni üçin, ýaşaýyş ýerlerinden uzakda senagat zolaklarda giňligi 400 -500 m2​ meýdan zerur bolýar. Ulaglar üçin girelge, taýýar önümleri saklamak üçin ammarlar we howa çalşygy ulgamy gurnalmaly. Işgärleriň dem alyş ýollaryny goramaklyk zerur, şol sebäpli olar gorag esbaplary bilen üpjün edilýär, sebäbi aýna owradylanda aýna tozany emele gelýär, bu bolsa adam bedeni üçin howply hasaplanýar.

Zerur enjamlar:

- owradyjy

- ýuwujy

- saýhallaýyş​ liniýalary

- gaplaýjy liniýalary

Eger doly önümçilik sikli işledilýän bolsa onda erediş we şekil beriji enjamlary gurnalýar.

Doly işleýän önümçilik bolsa, gaýtadan işlenen çig maldan diňe bir çüýşeler, bankalar​ we aşhana gap-gaçlaryny däl, eýsem-de aşhana bezeglerinde ulanylýan aýna plitalary bolan aşhana "fartuklaryny" hem öndürilip biliner.

Sehi 8 -10 adamdan ybarat​ bolan işgärler bilen dolandyryp bolar. Ähli howpsuzlyk çäreleri berjaý edilen ýagdaýynda enjamlary işletmeklik gaty bir kyn hasaplanmaýar. Çig mal getirmek we taýýar önümleri äkitmek üçin sürüji gerek bolýar. Hasap-hesip bolsa autsorsing​ esasynda edilip bilner.

Mundan başga-da, çig mal (köne aýnalar) bilen yzygiderli üpjün etmek maksady bilen, aýna kabul edýän belli bir oturan ýa-da mobil nokatlary gurnap bolar.