Türkmengaz obýektda guýulara wideo gözegçilik ulgamyny birikdirmek üçin tender yglan edýär.


“Türkmengaz” DK tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan taslamany işlemek we obýektda guýulara wideo gözegçilik ulgamynyň tehnologiki prosesini awtomatlaşdyrylan amal dolandyryş ulgamy ugrynda işleri geçirmek we”Galkynyş” meýdançadaky goşmaça sekiz guýynyň birikdirilmegi üçin potratçy saýlamak boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilerler.

-bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň işleri (esasy alyp barýan işleri, meňzeş taslamalarda iş tejribesi we ş.m.) hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

-"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

- GBS-i hasaba almak bilen 1725 amerikan dollary möçberde töleg töläp, bäsleşige gatnaşmak üçin bukja almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 16.04.2021 senesi ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50; 40-32-75; 40-31-22, faks (+99312) 40-32-59.

Adres: Aşgabat ş. Arçabil şaýoly 56-njy jaý, 13-nji etaj,“Türkmengaz” DK.

Çeşme: metbugat.gov.tm