Aksiýalar – peýda we zyýana şäriklik


Surat gazprom.ru saýtyndan. Aksionerleriň ýygnagy

Aksiýalar ýa-da gymmatly kagyzlar - paýa gatnaşmaklyk guralynyň bir görnüşidir. Aksiýanyň eýesi bolmak bilen, siz kompaniýanyň bir bölegine eýeçilik edýärsiňiz. Kompaniýa tarapyndan dolanyşyga goýberilýän aksiýalaryň sany hasaba alynýar. Olaryň sany, diňe goşmaça emissiýa edilende (goşmaça çykarylanda), böleklere bölünende ýa-da yzyna satyn alnanda üýtgeýär.

Mysal üçin, “A” kompaniýanyň her biri 100 manatdan bolan dolanyşykda 1000 sany aksiýasy bar. Siz olaryň 100 sany 10 000 manatlyk aksiýasyny satyn aldyňyz ýagny kompaniýanyň aksioneri bolduňyz ýa-da paýdary hem diýýärler, beýle diýmek siz A kompaniýanyň ondan bir bölegine gözegçilik edýärsiňiz hem-de diwidend (peýdadan bir bölek) almaga hukugyňyz bar diýmekdir.

Minoritarlar we Mažoritarlar - 5% -den az paýy bolan aksionerlere minoritar aksioner ýa-da "kiçi aksioner" hem diýýärler, tutýan paýy 5% -den ýokary bolanlara bolsa mažoritar paýdar diýilýär, bu fransuz dilinden "uly ýa-da esasy" diýmekdir.

Aksiaýanyň gözegçilik etmäge rugsat berýän bölegi – 50% ýa-da ondanam köp paýy bolan eýesine kompaniýany dolandyrmakda beýleki aksionerleriň öňünde hukuk berýän bölek.

Aksiýanyň petiklemäge rugsat berýän bölegi – 25% ýa-da ondanam köp paý, eýesine direktorlar geňeşiniň ýa-da umumy ýygnagyň karary bilen ylalaşmasa, weto goýmaga mümkinçilik berýär.

Bu näme üçin gerek?

Dünýä tejribesinde, bir kompaniýanyň aksiýasy satyn alnanda, aksiýalaryň gözegçilik edýän bölegi kimde bolsa şonuň eýelerine üns berilýär, onuň sebäbi hem kompaniýany dolandyrmagyň hili olara baglydyr. Mysal, käbir aksionerler üçin kompaniýanyň ösmegi we uzak möhletleýin işlemegi möhüm bolsa, käbirleri üçin diňe gazanç edinmek möhüm bolýar, şol sebäpli köplenç nädogry maliýe strategiýalary hem alnyp barylýar.

Türkmenistanda aksiýalaryň dolanyşygy “Türkmenistanyň Gymmatly kagyzlar bazary" hakyndaky kanuny bilen düzgünleşdirilýär.