27 dollar karz berip başlady, Nobel baýragyna eýe boldy


Suratda: Nobel baýragynyň eýesi, mikrokarz düşünjäni döreden ykdysatçy - Muhammet Ýunus.

Bangladeşli ykdysatçy Muhammet Ýunus 1976 ýylda Bangladeşiň garyp obalarynyň birinde mikrokarz bilen meşgullanyp başlaýar, onuň ýaşaýjylaryndan hiç hili girew we kepillik alman ujypsyzja göterim bilen olara karz berip görýär. Ýöne karzlar diňe maşgala biznesini gurjaklara we işini giňeltjekler üçin berilýär.

Onuň ilkinji beren karzy 27 ABŞ dollary möçberde bolýar, bu möçber şol döwrüň uly puly hasaplanýar. Karz bambukdan mebel ýasaýan 42 sany aýaldan ybarat bolan önümçilige ugrukdyrylýar. Netijede az wagt geçmän ol aýallaryň hersi 0.02 sent peýda gazanýar. Onuň müşderileriniň 90% töweregi öýde oturan oba aýallary bolýar. Ol bir sany süýt berýän geçi satyn aljaklar bar bolsa hem karz beripdir.

1982-nji ýylda onuň müşderileriniň sany 28 müňe ýetýär. Şeýlelik bilen, Muhammet Ýunus mikrokarz düşünjesini ösdürýär we 1983-nji ýylda "Grameen Bank" atly öz hususy bankyny açýar.

2006-njy ýylda amala aşyran bu şowly taslamasy üçin Muhammet Ýunusa Nobel baýragyny gowşurýarlar. Häzirki wagtda sany 20 müň işgärden köp bolan bu bankyň aktiwleriniň möçberi ABŞ dollarynda 1 milliard 500 milliondan geçýär. Bankyň müşderileriniň sany bolsa 8 milliondan hem köp. Onuň bu taslamasy esasynda müňlerçe adam öz işini açýar.