Haltajyk görnüşli çaýyň önümçiligi


Haltajyklardaky çaýlar birinji we ýokary hilli gök we gara çaýyň önümçiliginiň galyndysyndan öndürilýär. Käbir seýrek ýagdaýlarda ony öndürmek üçin granula görnüşindäki çaý ulanylýar, ýöne bu ýagdaýda önümçiligiň gymmaty adatça artýar. Adaty çaý gaplananda elekden geçirilýär we şol elekden geçen bölejikler (owunjak ýaprajyklar, tozan) hem haltajykdaky çaýlary öndürmek üçin ulanylýar.

Önümçiligiň guralyşy

Haltajykdaky çaýyň önümçiligi üçin niýetlenen desgalar ýangyn howpsuzlygy we arassaçylyk kadalaryna doly gabat gelmelidir. Enjamlaryň gurnaljak önümçilik sehinden başga-da, çig maly we taýýar önümi saklamak üçin niýetlenen ammar jaýlary hem bolmalydyr.

Kiçeňräk önümçilik sehini işletmek üçin çaýdan baş çykarýan tehnolog, önümçilige jogap berjek we çig mal üpjünçiligini alyp barjak dolandyryjy hem-de sürüji gerek bolar.

Haltajyklardaky çaý önümçiligini guramagyň iň esasy tapgyrlarynyň biri hem üznüksiz çig mal üpjünçiligini ýola goýmak. Iň amatlysy, çig maly çaý önümçiligi ýurdyň esasy ugurlarynyň biri bolan ýurtlardan – Hytaý, Hindistan, Gürjistan ýaly - özbaşdak getirmek. Şonuň bilen birlikde çaýyň hili we görnüşlerinden ýagşy baş çykarýan hünärmenlerden maslahat almak zerurdyr. Öndüriljek çaýyň görnüşi bellenilenden soň, ilkinji tapgyrlarda gara we gök çaýyň diňe sanlyja görnüşlerini öndürmek ýeterlikdir.

Önümçiligiň esasy tapgyry we zerur enjamlar

Önümçilikde ulanyljak enjamlar ýarym awtomatiki ýa-da awtomatiki usulda işledilýär. Uly bolmadyk seh üçin ýarym awtomatiki usulda işleýän enjam hem ýeterlik bolar. Ony işletmek üçin operator bolup işlejek işgär gerek. Çaý ýa-da çig mal garylmazdan öňürti metal garyndylardan arassalanylýar. Soňra çaý garyndysy bellenilen agrama (2 gram) laýyklykda ýörite niýetlenen bunkere guýulýar we ol ýerde hem enjamyň üsti bilen ýörite niýetlenen kagyzdan haltajyklar ýasalýar. Işgär çaýly haltajyklary enjamdan goparýar we gaplara ýerleşdirýär. Doly awtomatiki usulda işleýän enjam bu prosesiň (çaýyň dürli görnüşleriniň garylmagyndan we zerur garyndynyň ölçegininiň amala aşyrylmagyndan başlap taýýar çaýly haltajyklaryň gaplara ýerleşdirilmegine çenli) ählisini özbaşdak ýerine ýetirýär, operator bolsa diňe önümçiligiň üznüksizligine gözegçilik edýär.

Çaý garyndysyny haltajyklara gaplamak üçin abaka süýüminden we termoplastiki süýümden ýasalan ýa-da marlini ýadyňa salýan maýda öýjükli ýörite sintetiki materialdan (bu bolsa öz gezeginde önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny artdyrýar) ýasalan süzgeç-kagyzlary ulanylýar.

Haltajyklardaky çaý ýasalanda çig mal hökmünde “çaý tozany” ulanylman, eýsem hakyky çaý ýaprajyklary, miweleriň bölejikleri ýa-da peýdaly ösümlikler ulanylsa hem-de olar ownuk öýjükli ýörite sintetiki materiala gaplanylsa önüm ýokary hilli hasaplanylýar.

Ýerlemek

Taýýar önümi ýerlemekligi bazarlaryň, uly söwda merkezleriniň we kiçeňräk dükanlaryň üsti bilen, şeýle hem dermanhanalaryň üsti bilen gurap bolar. Eger-de önümçilik ugruna bolsa 1,5-2 ýylyň içinde ähli önümçilik çykdajylary ýapylýar. Önümiň möwsümleýin häsiýetini ýatdan çykarmaly däl – tomusa garanyňda gyşyna çaý has köp içilýär. Çaýyň hili barada aýdylanda bolsa, iň gowusy ýokary hilli çaý önümçiligine başlamak dogry bolsa gerek, sebäbi ýurdumyzda çaý bazarynda bäsdeşlik ýokary diýip aýtmak bolar.