“Türkmenstandartlary” serwerleri, kompýuter enjamlaryny satyn akmak boýunça tender yglan edýär


«Türk­mens­tan­dart­la­ry» baş döw­let gul­lu­gy programma üpjünçiliklerini we maglumat telekommunikasiýa serişdelerini barlamak we sertifikatlaşdyrmak hem-de programma üpjünçiligini barlamak üçin programmalary, serwerleri, kompýuter enjamlaryny, goşmaça zerur bolan enjamlary satyn almak we ornaşdyrmak boýunça halkara bäşleşik yglan edýär.

Bäsleşigiň möhleti 2021-nji ýylyň 26-nji ýanwaryna çenli.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli.

Birinji bukjada doly tehniki häsiýetlendirmeler bolmaly, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 95-73-49; 95-73-48, 95-73-47.

Salgy: Aşgabat, Oguzhan köçesi, 201.

Çeşme: metbugat.gov.tm