Öz maksadyňa ýetmek üçin ulanylýan SMART usuly


Dünýä tejribesinde telekeçilik işinde üstünlige ýetmek üçin SMART diýlip atlandyrylýan usul ulanylýar. Ony birinji gezek motiwasiýa boýunça hünärmen P.J. Meýer öz işinde agzap geçýär. Gysgaça aýdanymyzda SMART sözi goýlan maksada ýetmekligi kepillendirýän usulyýetdir.

Bu usulyýet ilkibaşda telekeçilik üçin niýetlenendigine garamazdan ony sportda, işde, okuwda, iş karýerasynda we başga-da durmuşyň islendik ýerinde ulanmak mümkindir:

SMART - Specific, Measurable, Achievable, Relevant, Time bound ýaly iňlis sözleriniň baş harpyndan ybaratdyr.

Specific: Anyklyk, Kesgitlilik.
Öňde goýlan maksat anyk we kesgitli bolmaly. Ýagny, biziň garaşýan netijämiz anyk we aýdyň bolmaly. Maksadyň aýdyň we anyk bolmagy ony durmuşa geçirmegi aňsatlaşdyrýar.
Measurable: Ölçeglilik.
Öňde goýan maksadymyzy deňeşdirip ýa-da ölçäp bilmelidiris. Ýagny, maksadymyza ýetmek üçin ýerine ýetirilýän işlere sanlar arkaly baha bermäge mümkinçilik bolmaly.

Achievable: Ýerine ýetirmek mümkinçiligi.
Öňde goýlan maksada ýetmek mümkinçiligi hakykata laýyk gelmeli. Öňde goýlan maksada ýetmek mümkinçiligine baha berlende elimizde bar bolan ähli resurslar ýa-da çäklendirmeler hasaba alynýar.

Relevant: Ýerliklilik, gereklilik.
Öňde goýlan maksadyň ýerliklidigine baha berlende onuň ýerine ýetirilmeginiň biznesde (sportda, okuwda, telekeçilikde we ş.m.) näderejede wajyplygyna seredilýär. Ýagny bu maksada ýetmek bilen näme gazanylar diýen soraga jogap bermäge synanyşylýar.

Time bound: Wagt taýdan çäklendirmek.
Öňde goýlan maksada ýetmegiň anyk möhleti bolmaly, ýagny, bu diýmek, öňde goýlan maksada ýetmek üçin wagt aralygy bellenýär, şol wagtyň dowamynda maksada ýetilmedik bolsa taslama şowsuz ýerine ýetirildi diýip hasaplanylýar.

Ýokarda bellenilen bäş ugur boýunça kesgitli jogaplary taýýarlamak, öz maksadyňa ýetmek boýunça ýönekeýje, emma, netije berjek usulyýeti emele getirýär.