Maşgala we ykdysadyýet ýa-da söýgüniň ykdysadyýeti


Maşgala ykdysady taýdan iň bir möhüm birleşigiň biri hasaplanýar. Adam belli bir ýaşa ýetip, durmuş guranyndan başlap garrylyk ýaşyna ýetýänçä ol gönümel ykdysadyýete öz täsirini ýetirýär. Ykdysadyýetiň atasy hasaplanýan Adam Smit “Halklaryň baýlygy” atly kitabynda maşgala hojalygynyň ykdysadyýetde möhüm orun eýeleýändigini belleýär. Mysal, maşgala gurmak üçin geçirilýän galyň, toý çäresi, çaganyň dogulmagy we olaryň sany, maşgalanyň jaý we awtoulag ýaly başga-da gymmat bahaly zatlary satyn almak boýunça kabul edýän kararlary, iýmit we geýim üçin sowýan pullary, toplaýan süýşürintgileri bularyň hemmesi ykdysadyýete öz täsirini ýetirýär.

Maşgala ykdysadyýetini öwrenýän ykdysatçylaryň bu barada käbir aýdýan zatlary:

Çagalar ene-atalaryna köp pul sowdurýarlar - Wirjiniýa uniwersitetiniň ykdysatçylary, çaga ykdysadyýetiň ýedi pudagyna öz täsirini ýetirýär diýip belleýärler: olar çagalara ideg etmeklik, durmuş we şahsy emlägi ätiýaçlandyrmaklyk, öý hojalygy üçin satyn alynýan harytlar we hyzmatlar söwdasy, saglygy goraýyş hyzmatyň artmagy, iýmit söwdasy, öýüň idegi bilen bagly söwda, öý haýwanlary we oýunjaklaryň söwdasy diýilýär. Olaryň aýtmagyna görä çagalar ene-atalaryny köp pul gazanmaga we köp pul sowmaga höweslendirýärler.

Nika erkek adamlaryň saglygyna gowy täsir edýär – “maşgala durmuşy erkek adamlaryň saglygyna aýalyňka garanyňda has oňyn täsir edýär” diýip Londonyň ykdysadyýet mekdebiniň professorlary belleýär. Maşgalaly erkek adamlar özlerini has bagtly duýarlar we işe bolan höwesjeňligi artýar.

Maşgala sarp edişligi hil taýdan ýokarlandyrýar – Ewergrin döwlet kolledžiniň taryhçysy Stefani Kuns “Öňler maşgalalar özlerini zerur bolan zatlar bilen üpjün etmek üçin döredilen bolsa, indi adamlar maşgala guranlarynda bir-birine bolan söýgisini beýan etmäge synanyşýarlar diýýär; ýagny döwrebap adamlar durmuşynda ähli halaýan zatlaryny öz maşalasy bilen paýlaşmagy isleýär. Mysal, indi ýaşlar maşgalasy bilen gowy ýerlerde dynç almaga, gowy zatlary iýmäge we geýmäge, gowy öýlerde ýaşamaga höwesli” diýip belleýär. Maşgala sarp edişiň hiliniň ýokarlanmagy, ykdysadyýetde dolanyşygyň we inwestitsiýalaryň artmagyna itergi berýär.

Iň gowy işgärler maşgalaly işgärler - käbir iş berijileriň aýtmagyna görä, maşgalaly işgärler sallah işgärlere görä iş berijiler bilen gatnaşyklary has gowy gurýandyklaryny we döreýän düşünişmezlikleri has gowy çözýändiklerini aýdýarlar. Bu tejribäni olara maşgala durmuşy öwredýär diýip belleýärler. Olaryň maddy höwesi ýokary bolýar: maşgalasyny eklemek üçin köp gazanç etmäge we köp işlemäge taýýardyklaryny belleýärler.