Türkmennebit enjam we gurluşyk harytlary satyn almak boýunça açyk tender yglan edýär
“Türkmennebit” döwlet konserni 26.01.2021 senesine çenli tender boýunça saýlap almak toparyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça №326 tender yglan edýär.
Lot № 1 – Elektrotehninki, geofiziki, synag-ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk harytlary.
Tendere gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
- yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lotuň bahasy 575 amerikan dollary möçberde ýa-da şu barabarlykda manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Galan zerur maglumatlary http://www.oilgas.gov.tm/ internet sahypasyndan ýa-da aşakda görkezilen adres boýunça alyp bilersiňiz.
Adres: Aşgabat ş. Arçabil şaýoly 56-njy jaý 4-nji etaj, “Türkmennebit” DK.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-77; 40-36-36 (tehniki soraglar üçin), 40-39-39 (faks).
Çeşme: metbugat.gov.tm