Näme üçin soýa gitdigiçe meşhurlyga eýe bolýar


Photo by jornaldebrasilia

Soýa bugdaý we tüwi bilen birlikde iň köp sarp edilýän oba hojalyk ekinlerinden biridir. Bu ösümlik azyk senagatynda giňden ulanylan, ösümlik beloga baý, berhiz we wegetarian iýmitinde bolsa has meşhurdyr. Mundan başga-da soýanyň belogy - ýag, soýa eti, süýt we et önümleri öndürmek üçin çig mal görnüşinde iň arzan goşundy hökmünde ulanylýar. Soýa görnüşleri boýunça ýag, iým we iýmit sortlara bölünýär soňkysy esasan adamlaryň iýmitini öndürmekde ulanylýar. Bu nukdaýnazardan soýanyň meşhurlygy dünýäde ýylsaýyn artýar.

Ekilşi​ barada gysgaça

Soýa ýylyny we gün şöhlesini gowy görýän guraklyga çydamlydyr. Sowukda bolsa -3,5 °C​ derejä çenli çydamly bolýar, şonuň üçin hem bu ösümligi Türkmenistanyň howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmeklik perespektiw​ bolup biler. Toprak bilen baglanyşykly bir näçe zat talap edilýär – ýeriň düzüminde fosfor, kaliý we azot dökünleri ýeterlik, ýöne aşa köp bolmaly däldir. Topragyň temperaturasy 12 -15 °C​ dereje bolmasy ekmek üçin iň amatly wagt hasaplanýar. Ilkinji hasyly iýun aýynda almak mümkindir. Iň gowusy bugdaý, mekgejöwen we kartoşkadan soň ekmeklik maslahat berilýär, ýöne kösüklilerden ýa-da kelemden soň maslahat berilmeýär.

Hasyly

Zerur şertleri göz öňünde tutulan ýagdaýynda, her gektardan 40 -50 sentner ýygnamak mümkindir. Hasyl soýanyň ýapraklary gaçyp kösükleriniň reňki çal reňke öwrülensoň ýygnalýar. Ýygnalan hasyl, güne guradylýar we arassalanýar. 12 -15 göterim çyglylykda mata ýa-da kagyz haltalarda saklanýar.

Soýa ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylýan enjamlar:

-ekgiç​ enjam

-kultiwator​

-kombaýn

- sanjym üçin agregat (ekişden öň ýörite peýdaly birleşmeler bilen tohum bejermek).

Ýerlemek

Soýanyň potensial alyjylary - konditer önümleri we et önümleri, “soýa eti” öndürijiler, fermalar we ýag önümlerini öndürijiler. Şeýle raýtlar​ bu önüm bilen gyzyklanmaýar, sebäbi soýa noýbasy tagamly bolmaýar we arassa görnüşinde ulanyp bolmaýar – onuň diňe gaýtadan işlenen görnüşini ulanyp bolýar.