Islendik ýaşda öwrenip, gazanç edip boljak hünärler


Photo by Freepik

Adamyň durmuşy bir ýerde durmaýar, elmydama çözülmegi wajyp bolan täze soraglar bilen gabatlaşýar. Şonuň ýaly-da wagtyń geçmegi bilen durmuşda hem indi täze hünärler we kärler peýda bolýar. Ýa-da bolmasa şahsymyzy alsak hem kämahal öz zähmet çekýän ugrumyzy üýtgedip durmuşymyzda täze sahypa açmak isleýäris.

Eger şunuň ýaly pikirler bilen gabatlaşýan bolsaňyz aşakdaky hünärleri öwrenmäge synanyşyp bilersiňiz. Sanalan ugurlardan gowy baş çykarylan ýagdaýynda bu hünäri bilýän adamlar durmuşda kösenmeýär.

Bir hünäri iň gysga wagtda öwrenmegiň usuly ussat adamdan sapak almak bolsa hem, bu hünärleri özbaşdak ýa-da internetden onlaýn usulda öwrenmek mümkindir.

Programma üpjünçiligini düzmek

Indi biz durmuşymyzda sanly ulgamlar bilen barha kän gabatlaşmaly bolýarys. Munuň üçin diňe bir ykjam telefonyny göz öňüne getirmek hem ýeterlikdir. Sanly ulgamlar hem öz gezeginde belli bir programmada (kodlar arkaly) ýazylýar. Şol programmalary özleşdirmek bolsa gaty bir ýeňil pişe bolmasa-da, yhlas edilen ýagdaýynda öwrenmez ýaly kyn däl. HTML, CSS, PHP ýa-da Java bolsun, haýsy programma dili bolsa-da ony 6 aýyň içinde ýeterlik derejede özleşdirip bolýar, emma, özleşdirilenden soň welin ömürlik diýen ýaly peýdalanyp we şonuň üsti bilen girdeji gazanyp bolýar.

Microsoft excel boýunça ussat bolmak

Diňe bilmek däl-de ussat ulanyjy bolmak. Köp adamlar eksel programmasyny bilýär, emma, formulalary ýa-da funksiýalary doly ulanmaly bolanda hemme adamlar başarmaýar. Eger-de eksel programmasyny doly özleşdirip öwrenip bilseňiz islendik uly möçberli maglumatlar bilen işleýän edara-kärhanalarda özüňize orun tapyp bilersiňiz. Ýa-da özüňiz analitiki programma düzüp bilersiňiz.

Fotosuratçylyk we Photoshop

Adamyň öz durmuşyndaky begençli wakalary surat arkaly ebedileşdirmek arzuwy hiç haçan hem egsilmese gerek. Surata düşürmek we ýeke düşürmek hem däl, suratlara ýörite programmalar arkaly üýtgetmeler girizmek – bularyň ikisi hem aýratyn talapdan peýdalanýar. Bu hünärleri öwrenmek bolsa programma ýazmagy öwrenmekden aňsat bolmasa kyn däl bolsa gerek.

Maglumatlary gaýtadan işlemek

Döwrümiz internet we maglumatlar çagy. Maglumata gytçylyk ýok, ýöne zerur maglumatlary saýlap alyp we seljerip bilýän adamlara welin, henizlerem talap ýokary. Sebäbi bar bolan maglumatlary toparlara bölmek, jemlemek, umumylaşdyrmak we iň soňunda hem şol işlenen maglumatlardan belli bir netije çykaryp bilmek her kime başartmaýar. Şunuň ýaly işlere seljermegi we strategik pikirlenmegi halaýan adamlar has ýykgyn bolýar.

Wideoşekilleri gaýtadan işlemek

Wideoşekillere üýtgetme girizmegiň tehniki usulyndan baş çykarýan bolsaňyz we şol bir wagtyň özünde döredijilikli pikirlenip bilýän bolsaňyz ýene bir girdejili hünär. Öz durmuş toýlaryny wideoýazgysyz geçirýän adamlar sanaýmaly bolsa gerek. Ýa-da bolmasa dürli reklama görnüşli wideoşekilleri alyp göreliň. Bularyň ählisi diýen gaýtadan işlenilýär. Wideoşekilleri işlemegiň usullaryny yhlas edilen ýagdaýynda çaltlyk bilen öwrenip bolýar.

Buhgalterçilik işi

Ýurdumyzda telekeçiligiň barha ösmegi bilen bir hatarda, hususy eýeçilikdäki taraplaryň hem ussat hasapçylara talaby artýar. Buhgalterçilik işiniň aýratynlygy bolsa esasy ýörelgeleriniň ähli ýerde diýen ýaly birmeňzeş bolmagydyr. Ýagny bir gezek öwreneniňizden soňra ony islendik pudakda ýa-da ýurtda ulanmak mümkindir, elbetde dowamly üstüňde işlemek şerti bilen. Buhgalterçilik işini gysga wagtlyk okuwlar arkaly ýa-da özbaşdak hem özleşdirmek mümkindir. Ussat hasapçylara bolsa talap hemişe hem ýeterlik bolar.