Näme üçin öý satyn alanyňdan - öz işiňe başlanyň amatly


Photo by Depositphotos

Köplenç elinde maýasy bolan adamlaryň içinde öz işini açmak isleýänler az bolýar. Emma adamlaryň köpüsi elindäki artykmaç kapitalyna jaý satyn alanyny amatly görýärler. Näme üçin gozgalmaýan emläk satyn alanyňdan maýa goýum işi has girdejili hasaplanýar?

Aktiw mydama işlemeli
Maýa - bu aktiwdir, ol inwestoryň ýagdaýyny ýylsaýyn artdyrmak maksady bilen işlemelidir. Maýagoýmuň möçberi artsa, şonça-da köp girdeji gazanylýar.

Gozgalmaýan emläk - bu passiwdir. Ony saklamak üçin wagtal-wagtal çykdajy edip durmaly. Emläk ipotekaly satyn alnan bolsa, goşmaça göterim tölegini hem tölemeli.

Pul dolanyşygy
Pul dolanyşygy - bu harytlary we hyzmatlary satyn almak we satmakdyr. Bazarda köp dürli harytlar we hyzmatlar bar, söwda ýa-da önümçilik üçin dogry we sowatly biznes plan düzülen ýagdaýynda, pul dolanyşygyň hasabyna elmydama diýen ýaly pul akymy bolýar.

Eger bar bolan maýa gozgalmaýan emläge goýulsa, zerurlyk bolan wagtynda ony tiz satmaklyk mümkinçiligi peselýär. Hatda alyjy tapmak üçin birnäçe hepde ýa-da birnäçe aý gerek bolmagy mümkin. Şeýle hem, resminamalara goşmaça wagt we pul sarp etmeli bolýar. Gozgalmaýan emläge bahalar hemişe durnukly bolmaýar, ony satlyga çykaran wagtyňyzdaky baha alan döwrüňizdäkiden bahadan arzan bolsa ýitgi çekmeli bolýar.

Düşewüntlik
Gozgalmaýan emläk satyn almak uzak möhletli maýa goýum hasaplanýar. Bu amaldan ýeke-täk girdeji kärende tölegleri bolup biler, adatça, kärendeden garaşylýan tölegler hemişe diýen ýaly birmeňzeş we üýtgemeýär. Girdeji nominal we real görnüşinde bolýar. Kärende töleglerinden alnan girdeji real hasap edilip bilinmez, sebäbi gozgalmaýan emläkden alnan girdejiden - kommunal hyzmatlar, abatlaýyş we salgyt bilen baglanyşykly çykdajylar aýrylmalydyr. Ýöne welin, pikirlenilen we sowatly düzülen maýa goýmunyň girdejisi gozgalmaýan emlägiň kärende girdejisinden has ýokary bolup biler.

Maýa goýum işlerine düşünmek isleseňiz, www.ozisim.com saýtyny okaň, maýaňyzy köpeldiň. Öz işiňi açmak jaý satyn almakdan has girdejili!