“Türkmenhimiýa” önümleri satyn almak üçin tender yglan edýär


“Türkmenhimiýa” DK tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan önümleri satyn almak üçin halkara tender yglan edýär.

Lot № 6 – Ammiak selitrasy.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK aşakdaky adres boýunça 29.04.2021-nji senesine çenli ýüz tutup bilerler:

ş. Aşgabat, Аrçabil şaýoly, 132, Türkmenistanyň Senagat Edarasy, 3-nji etaj, № 324-nji otag.

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
  • “Türkmenhimiýa” DK zerurlyklary üçin maddy we tehniki harytlary üpjün edijileri saýlamak üçin halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • Lotuň spesifikasiýasyny we tehniki talaplaryny almaly;
  • 200 amerikan dollary (GBüS-y we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) möçberini tölemäp tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmenok.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-01-71, 39-01-83, 39-01-82, 39-01-14.

Çeşme: metbugat.gov.tm